Liga 1: PSŽ Liondan asgyn geldi

Liga 1: PSŽ Liondan asgyn geldi

PSŽ Liga 1-iň 29-njy tapgyrynda Lion futbol toparyny kabul etdi. Park de Prensde geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy ― diýip, Çempionat habar berýär.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 56-njy minutda Lionyň hüjümçisi Bredli Barkol geçirdi. Goluň assisti Sael Kumbediden geldi.

39-njy minutda Lionda hüjümçi Aleksandr Lakazet 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedi.

29 tapgyrdan soň 66 utukly PSŽ ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Lans bilen Marsel öňdebaryjydan 6 utuk yzda. 44 utukly Lion bolsa ýaryş tertibiniň dokuzynjy basgançagynda.

PSŽ-niň Kristof Galtýeniň ýolbaşçylygyndaky soňky 10 duşuşygynda eýýäm altynjy gezek ýeňlendigini aýtmak gerek.

Ýene degişli makalalar

1 gol, 3 utuk
“Le Klassikde” ýeňiş parižlileriň tarapynda boldy
Endrigiň het-trigi
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
Üçüsem 3 utugy 3 gol bilen gazandylar
Parižlilere bu gezek ýeňiş gazanmak kyn düşmedi