Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy

Fransiýanyň çempionatynda çempionlyk gazanan PSŽ-niň super ýyldyzy Kilian Mbappe Ligue 1-iň futbolçysy diýlip saýlandy. 24 ýaşyndaky futbolçy bu ugurda topardaşy Lionel Messiden, “Lill” toparynyň kanadaly ýyldyzy Jonatan Dewidden, şeýle-de “Lansyň” futbolçylar Seko Fofana bilen Lio Opendadan öňe saýlanmagy başardy. Şunlukda, Kilian Mbappe Ligue 1-de ýylyň futbolçysy baýragyny bassyr 4-nji gezek eýeledi. 2019-njy, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda bu baýragy alan Mbappe çempionatda 33 oýunda 28 gol geçirdi.

Baýrak 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli hiç kime berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Ýeňlişsiz topar galmady
Fransiýada PSŽ çempion diýen ýaly
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy