PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy

Fransiýanyň çempionatynda sanawyň lideri PSŽ öz meýdançasynda “Aýaççony” 5-0 hasabynda ýeňdi.Mbappeniň 2 gol geçiren oýnunda PSŽ-den 33-nji minutda tapawutlanan Hakimi 77-nji minutda, “Aýaççodanam” Mangani 80-nji minutda gyzyl kart aldy. 2-nji ýerdäki “Lans” “Reýmsi” 2-1, 3-nji orundaky “Marsel” bolsa “Anženi” 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Rennden” 4-0 utulan “Trua”, şol sanda “Nantyň” 1 utuk gazanmagyndan soň “Aýaçço” hem aşaky liga düşdi. “Ligue 1”-de “Anžedir” “Trua” we “Aýaççodan” soň aşaky liga gitjek 4-nji topar bolmazlyk üçin “Nant” bilen “Oseriň” arasynda göreş dowam edýär.

Täze möwsümde “Ligue 1”-de 20 däl-de 18 klub çykyş eder.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy
“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
Messiniň rekordy we PSŽ-niň 11-nji çempionlygy