Messiniň rekordy we PSŽ-niň 11-nji çempionlygy

Fransiýanyň çempionaty Ligue 1-de PSŽ toparyna çempionlyk üçin 1 utuk ýa-da 2-nji ýerdäki Lansyň utulmagy gerekdi.Myhmançylykda Strasbur bilen duşuşan PSŽ 1-1 (Gameýro 79 Messi 59) deňme-deň oýnap, çempionlyk üçin ýeterlik bolan 1 utugy gazandy we bassyr 2-nji, umumylykda-da 11-nji çempionlygyny baýram etdi.

PSŽ bu çempionlygy gazanmak bilen Ligue 1-de iň köp çempion bolan topar rekordynyň ýeke-täk eýesi boldy.Parižliler bu ugurda rekorda Sent-Etien bilen paýlaşýardy.

Soňky 11 ýylda 9 gezek çempionlyk gazanan PSŽ utugyny 85-e ýetirip, möwsümiň tamamlanmagyna 1 tapgyr galanda Lansdan 4 utuk öňe saýlandy. Lans bolsa çempionaty 2-nji ýerde tamamlap, 21 ýyldan soň Çempionlar Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Duşuşykda PSŽ-niň goluny geçiren Lionel Messi Ýewropanyň öňdebaryjy 5 çempionatynyň iň netijeli futbolçysy boldy. 496-njy goluny geçiren Messi bu ugurda 495 golly Kristiano Ronaldodan öňe saýlanyp, rekordy öz adyna geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýeňlişsiz topar galmady
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Super ýyldyz yzly-yzyna 4-nji gezek ýylyň futbolçysy saýlandy
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
“Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziljek duşuşyklar we hepdäniň beýleki esasy oýunlary
PSŽ-niň 5 goly “Aýaççony” 2-nji liga ugratdy