9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli gutlady, Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Türkmenistana geler, Oskar ýa-da bir gün üçin gaty köp spektaklynyň ilkinji görkezilişi we beýleki habarlar

Türkmenistan 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

2. Şu ýylyň mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti Türkmenistana geler.Sapara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler Moskwada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we Ispaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Markos Gomes Martines tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň düzümi Ispaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekillerinden ybarat bolar, olar türkmen kärdeşleri bilen ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. 3. 2023-nji ýylda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan taýýar nebit önümleriniň eksporty 1,3 million tonna deň boldy. Önümler deňiz we demirýol ulaglary arkaly Gruziýa, Malta, Azerbaýjana, Owganystana, Özbegistana, Täjigistana ýerlenildi. 4.

Türkmenistanyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Klod Manýeniň Oskar ýa-da bir gün üçin gaty köp komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy. 5.Kazanda Türkmenistanyň Baş konsuly Güýç Garaýew bilen Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersitetiniň rektory Alfinur Galiakberowanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Taraplar 2023-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işiň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.NÇDPU-nyň rektory bilim pudagynda hyzmatdaşlygy goldaýandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.Uniwersitetiň Türkmenistanyň 300 mugallymynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyna goşan goşandy, şeýle hem A.S.

Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebiniň okuwçylary üçin okuw çäreleriniň geçirilendigi bellendi.

Dünýäde

6. Şweýsariýada hakerler internete birikdirilen 3 million akylly diş çotgasyny bozdular.Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, marşrutizatorlara, gözegçilik kameralaryna, kir ýuwýan maşynlara we ulanyjylaryň beýleki enjamlaryna birikmek üçin çotgalary ulandylar.

Hüjümden gelen zyýan millionlarça ýewro diýlip çaklanylýar. 7. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Permanyna laýyklykda, ýurduň syýahatçylyk merkezlerinde altyn hatarlar dörediler.Söwda meýdançalary syýahatçylara Özbegistanda öndürilen şaý-sepleriň we ölçegli guýma altyn bölekleriniň dürli görnüşlerini hödürlär.

Agramy 10 gramdan 1 kilograma çenli bolan guýma altyn bölekler ýurduň 12 sebitinde satyn almak üçin elýeterli bolar.Sport habarlary 8. 20 ýaşly türkmen türgeni Gaýgyzyz Töräýew Daşkentde geçirilýän agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda 81 kilograma çenli agram derejesinde silterläp we itekläp götermek boýunça iki bürünç medal gazandy.

Töräýew silterläp götermekde 148 kg, itekläp götermekde bolsa 189 kg agramly ştangany göterdi.Iki ýaryşyň jemi boýunça onuň görkezen netijesi 337 kg-a deň boldy. 9.Türkmenistandan 25 ýaşly futbolçy Musa Nurnazarow Täjigistanyň Ýokary ligasynda çykyş edýän Kulýabyň Rawşan toparynda gözden geçirilýär.

Häzirki wagtda ýarymgoragçy topar bilen türgenleşýär we karýerasyny Täjigistanyň çempionatynda dowam etdirip biler.

10.Portugaliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda 275 million dollar gazanyp, dünýäde iň köp tölenilýän türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi.Sanawyň ikinji ornunda ýyllyk girdejisi 203 million dollar bolan amerikaly golfçy Jon Ram ýerleşdi.

Argentinanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi 130 million dollar bilen üçünji orny eýeledi. Şeýle hem ilkinji bäşlige basketbolçy Lebron Jeýms we futbolçy Kilian Mbappe girdi.

Ýene degişli makalalar

12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
103,5 million dollara satyldy