4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä iş saparyny tamamlap, Aşgabat şäherine gaýdyp geldi, Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelere Ene mähri diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi, Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçirilip bilner we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy.Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji martda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar diýip nygtady.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köp çagaly enelere Ene mähri diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini has-da berkitmekde eziz eneleriň uly işleri bitirýändiklerini belledi.

3. Türkmenistanyň ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň bilim, ylym, medeniýet we sport ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda Ermenistanyň Medeniýet günlerini geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Habar berlişi ýaly, taraplaryň iki ýurduň arasyndaky medeni alyşmalary işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar. Ynsanperwer, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Aşgabatdaky A.S Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň hem-de Astrahan döwlet uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekdiler. Ylalaşyga gol çekişmek dabarasy Astrahan döwlet uniwersitetide akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan telebäsleşigiň çäginde geçirildi.

5. Ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan, talyplardan, mekdep okuwçylaryndan we sanly hyzmatlar boýunça edaralaryň hünärmenlerinden ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Soçide geçirilýän Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýar.Türkmen wekiliýetiniň düzümi jemi 17 adamdan ybarat.

Festiwalyň dabaraly açylyşy 29-njy fewralda Siriusyň federal çägindäki Uly stadionynda geçirildi.Festiwala bilim, ylym, medeniýet, halkara hyzmatdaşlygy ulgamlarynda ýaş liderleriň 20 müňden gowragy, şeýle hem 180-den gowrak ýurtdan meýletinçiler gatnaşýar.

Dünýäde

6. Dünýäniň şokolad öndürijileri kakao noýbasynyň bahasynyň rekord derejede ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu olary dürli hilelere ýüz urmaga mejbur edýär. Beýik Britaniýada agramy bäsdeşleriniňkiden üçden iki esse ýeňil bolan hoz tagamly şokolad batonjyklary satuwa çykaryldy. Adaty şokoladyň ýerine öndürijiler süýjülikde arahis ýagyny we karameli has köp ulanýarlar. Hünärmenler kakao bahalary ýakyn geljekde ýokary görkezijide saklanar diýip çaklaýarlar.

7. Ispaniýanyň parlamenti ýolagçylygyň wagty 2,5 sagatdan geçmeýän gysga aralyga içerki otly gatnawlaryny ýatyrmak hakynda kanunyň taslamasyny taýýarlaýar. Gadagan ediljek ugurlaryň sanawy heniz yglan edilmedi, ýöne Madridden Barselona, Malaga we Walensiýa otly gatnawlary howp astyndadyr. Bu kanun halkara ugurlaryň bir bölegi bolup, olara sepleşýän otly gatnawlaryna degişli däldir.

Sport habarlary

8. Täjigistanyň Rawşan futbol topary geçen möwsüm Merw toparynda oýnan türkmen ýarymgoragçysy Musa Nurnazarow bilen şertnama gol çekilendigini habar berdi. Hoş geldiň, Musa! diýlip, Kulýab şäheriniň toparynyň habarynda bellenilýär. Transfermarkt portalynyň berýän maglumatlaryna görä, 25 ýaşly futbolçynyň Täjigistanyň Ýokary ligasynyň wekili bilen baglaşan şertnamasy 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli niýetlenendir.

9. 3-nji martda Aşgabat Köpetdag oýny bilen futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji tapgyry badalga aldy. Ýokary liganyň wekilleri ýeňijini kesgitläp bilmediler, duşuşyk 0:0 hasabynda tamamlandy. Birinji tapgyr duşenbe güni üç oýun bilen dowam eder, onda Altyn asyr Şagadam, Nebitçi Merw we Ahal Energetik toparlary duşuşarlar. Çempionatyň dört tapgyrda geçiriljekdigini bellemek gerek. Geçen möwsümiň ýeňijisi Arkadag topary boldy.

Ýene degişli makalalar

2-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
Türkmenistanda Ermenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy
Şu ýyl Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
Galkan Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň çempiony boldy