Ahal topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda sekizinji gezek kümüş medala mynasyp boldy

Ahal topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda sekizinji gezek kümüş medala mynasyp boldy

Ahal toparynyň futbolçylary Türkmenistanyň Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça çempionatynyň kümüş medallaryna mynasyp boldular.Türkmennebitönümleri Baş müdirliginiň topary milli birinjiligiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, 27-nji tapgyryň duşuşygynda Merw toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, ikinji orny eýelediler.

Duşuşyk Mary şäherindäki Merw stadionynda geçirildi.Welsähet Öwezowyň şägirtleri duşuşygyň her ýarymynda bir pökgi geçirip, üstünlik gazandylar.Hasaby 33-nji minutda Nazar Towakelow açdy.Duşuşygyň 80-nji minudynda bolsa Ahal toparynyň kapitany Elman Tagaýew meýdança eýeleriniň derwezesine pökgi salyp, gutarnykly netijäni kesgitledi.

Bu Ahal toparynyň kapitanynyň şu milli birinjilikde geçiren onunjy golydyr.Bu görkeziji bilen ol hüjümçileriň bäsleşiginde dördünji orny eýeleýär. Ýatlatsak, soňky iki Türkmenistanyň çempionatynda iň köp pökgi geçiren, 26 gol bilen Arkadag toparynyň oýunçysy Didar Durdyýew hüjümçileriň bäsleşiginde öňdeligi saklaýar.

Ol öz topardaşlary Begenç Akmämmedowdan we Altymyrat Annadurdyýewden degişlilikde 9 we 10 pökgi öňde.Ahal futbol topary bu ýeňişden soň 55 utuk toplap, sekizinji gezek ýurdumyzyň çempionatynda kümüş medal gazandy.

Bürünç medallary bolsa, Türkmenbaşy şäherinde Şagadam toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başaran Altyn Asyr toparyna üçünji gezek gowşuryldy.Meýdança eýeleri 23-nji minutda Musa Nurnazarowyň dürs urgusyndan soň hasaby açdylar. Ýöne Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri Myrat Annaýewiň (43-nji minut) we Selim Nurmyradowyň (49-njy minut) gollarynyň netijesinde duşuşygyň ugruny üýtgetmegi başardylar.

Meýdança eýeleri 82-nji minutda iki sary kart alany üçin Selim Ataýewiň we 95-nji minutda göni gyzyl kart alany üçin Şazada Bäşimowyň meýdançadan çykarylmagyndan soň, oýuny dokuz oýunçy bilen tamamlaýandygyny bellemek gerek. 27-nji tapgyryň başga bir duşuşygynda milli birinjiligiň altyn medalyny möhletinden öň gazanan Arkadag topary myhmançylykda paýtagtymyzdaky Nusaý stadionynda Aşgabat toparyny 1:0 hasabynda utdy. Ýeňiş goluny 31-nji minutda Ahmet Ataýew geçirdi. Şu tapgyryň ýene bir duşuşygynda Nebitçi futbol topary Balkanabatda paýtagtymyzyň Köpetdag toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilerden Hydyr Ýakubow (10-njy minut) we Baýramgeldi Nurlyýew (60-njy minut) tapawutlandylar. Ýeňlenlerden ýeke-täk goly Arslan Saparow (34-nji minut) geçirdi. Ýeňlişe garamazdan, Köpetdag topary 14 utuk bilen ýedinji orunda galdy we çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda, ýaryş tertibini jemleýän Merw toparyndan 2 utuk öňe saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar