6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal

6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary  Turkmenportal

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretaryny kabul etdi, TSTB-niň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi açyldy, Aşgabatda matematika dersi boýunça IV Açyk halkara olimpiadasy badalga aldy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.Pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar sebit we dünýä derejesinde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmakda ÝHHG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga berk aýratyn ähmiýet berýär.Energetika hem geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi.

2. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi işe başlady. Onuň esasy maksady ýurtdaky işewürlik taslamalaryna goldaw bermekden ybaratdyr. Täze merkezde telekeçilere, ýuridiki şahslara we raýatlara toplumlaýyn hyzmatlar hödürlener. Taslama merkezi telekeçilik taslamalaryna guramaçylyk-hukuk, maliýe-ykdysady we ekologiýa seljermesini berer.

3.Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi.Bu giň gerimli bäsleşik dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň 50-sinden, şol sanda Russiýanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Bolgariýanyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň hem-de Saud Arabystanynyň bilim edaralaryndan zehinli talyplary bir ýere jemledi.

Olimpiada iki dilde: türkmen we iňlis dillerinde geçirilýär.Bäş gün dowam etjek olimpiadanyň dowamynda diňe zehin bäsleşiklerini däl, eýsem, daşary ýurtly myhmanlar üçin dürli medeni çäreler hem geçirmek meýilleşdirilýär.

4. Tatarystanda bilim türkmen talyplary mekdep okuwçylary üçin ene diliniň bäşinji respublikan festiwalyna gatnaşdylar. Tatarystanyň Sabinsk etrapçasyndaky Şemordan obasynyň Rost okuw mekdebinde türkmen milli medeniýeti boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Türkmen talyplary mekdep okuwçylaryna dogduk mekany hakynda gürrüň berdiler, göz-dilden goraýan türkmenleriň milli alajasyny nädip örmelidigini görkezdiler we çagalary dutaryň owazy bilen tanyşdyrdylar.

5.Milli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenaragatnaşyk agentligi we Altyn Asyr ÝGPJ Türkmenistanyň ilatyny ýokary hilli aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirýärler.

Häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça 4G ulgamynda işleýän geçiriji we kabul ediji enjamlar tapgyrlaýyn esasda ulanylmaga berilýär.Hususan-da, Ahal, Balkan, Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda 4G enjamlaryny oturtmak boýunça işler geçirildi.

Dünýäde

6.Daşkentdäki Humo Arena meýdançasynda meşhur aýdymçy JONY-nyň köpden bäri garaşylýan konserti geçirildi.Tomaşaçylar halaýan aýdymçysy bilen duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.JONY-nyň konsert maksatnamasy baý we köpugurly boldy.

Ol Alleýa (Аллея), Sen rehimsiz (Ты беспощадна), Kometa, Lali, Ýyldyz (Звезда) ýaly iň meşhur hitlerini we birnäçe täze aýdymyny ýerine ýetirdi.JONY diňleýjilerini asly Özbegistandan bolan aýdymçy Gafur bilen duet aýdymyny aýdyp begendirdi.

Aýdymçylar 2020-nji ýylda meşhur bolan bilelikdäki Lollipop aýdymyny ýerine ýetirdiler. Ýeri gelende bellesek, muşdaklar üçin sowgatlar munuň bilen tamamlanmady: ýyldyzlar Hay yor yor (Haý ýar-ýar) atly özbek aýdymy aýdymyny aýtdylar.

7. Foster + Partners britan binagärlik býurosy Saud Arabystanynyň paýtagtynda dünýädäki iň beýik bina boljak diňi gurmak baradaky ägirt uly taslamanyň düzümine goşuldy. Binanyň beýikligi 2000 metr bolar, bu Dubaýdaky 828 metrlik Burj-Halifa diňinden ep-esli derejede beýikdir. Diň Er-Riýadyň merkezinden takmynan 35 km uzaklykda ýerleşýän Patyşa Halid adyndaky Halkara howa menziliniň golaýynda gurlar.

Sport habarlary

8.Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminde taýýarlygy tamamlady.Taýýarlyk üçin Türkiýede we BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçirildi.Baş tälimçi Wladimir Baýramowyň şägirtleri Abu-Dabi şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň soňky oýnunda Dubaý şäheriniň Regional Sports FC topary bilen güýç synanyşadylar hem-de 4:2 hasabynda üstün çykdylar.

Arkadag topary Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümindäki ilkinji oýnuny 7-nji martda öz meýdançasynda wise-çempion Altyn Asyr bilen geçirer.

9. Türkmen türgenleri Kuala-Lumpurda geçirilen ITF-nyň taekwondo sportunyň olimpiýa däl görnüşi boýunça halkara açyk çempionatynda 34 medal gazandylar. Bäsleşige 11 ýurtdan takmynan 1500 taekwondoçy gatnaşdy, olar resmi maşklara we ýaryşlara gatnaşdylar. 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazanan türgenleriň üstünlikleri diýseň begendirýär.

10.Fransiýanyň PSŽ topary UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Ispaniýanyň Real Sosýedad toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi we şeýlelik bilen, ýaryşyň çärýek finalyna çykmagy başardy. Ýeňijileriň düzüminde iki pökgini hem Kilian Mbappe derwezä girizdi.

Bawariýa Çempionlar ligasynyň ikinji çärýek finalçysy boldy. 1/8 finalyň jogap duşuşygynda Mýunheniň topary Italiýanyň Lazio toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi.Garri Keýn goşa pökgi geçirdi, Tomas Mýuller bolsa bir pökgi girizdi. Çärýek finalyň bije çekişligi 15-nji martda geçiriler.

Ilkinji duşuşyklar 9-njy we 10-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 16-njy we 17-nji aprelde oýnalar. Çempionlar ligasynyň finaly 1-nji iýunda Londonyň Wembli stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurmakçy bolýarlar
Türkmenhowaýollary halkara uçuşlarynyň nyrhnamalaryny üýtgetdi, Türkmenfilm birleşiginiň kinematografiýaçylaryna Türk medeniýetine goşandy üçin baýragy gowşuryldy, Gyzykly gezelenç gepleşiginiň ýedinji sany çykdy
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi
Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Iň beýik myhmanhana açyldy