Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäniň iň köp pul gazanan sportçusy boldy

Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäniň iň köp pul gazanan sportçusy boldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäniň iň köp pul gazanan sportçusy boldy. Ol geçen ýylda 275 million amerikan dollary möçberde pul gazandy. Şeýlelikde, Ronaldu Sportico tarapyndan taýýarlanan sanawda birinji orny eýeledi.

Sanawda ikinji orny amerikaly golfçy Jon Ram (ýyllyk gazanjy 203 million dollar), üçünji orny argentinaly futbolçy Lionell Messi (ýyllyk gazanjy 130 million dollar), dördünji orny amerikaly basketbolçy Lebron Jeýms (ýyllyk gazajy 125,5 million dollar), bäşinji orny bolsa fransiýaly futbolçy Kilian Mbappe (ýyllyk gazanjy 125 million dollar) eýeledi.

Geçen ýylda iň köp gazanç eden türgenleriň ilkinji ýüzlügine 40 sany basketbolçy, 16 sany futbolçy, 13 sany beýsbolçy, 11 sany amerikan futboly bilen meşgullanýan türgen, 10 sany golfçy, 6 sany boksçy, awtosportuň hem-de tennisiň hersinden 2 türgen girmegi başarypdyr.

Ýene degişli makalalar

Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
Mbappe Messini hem Ronaldony yzda galdyrdy
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi