Mbappe Messini hem Ronaldony yzda galdyrdy

Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak 29-njy ýygyndy Fransiýanyň milli topary bolup, fransuzlar saýlama tapgyrynyň Ýewropa sebiti boýunça “D” toparçada Parižde Ukrainanyň ýygyndysyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykda 2 gol geçiren Kilian Mbappeniň karýerasynda salan gollarynyň sany 400-e ýetdi.Ol şol gollarynyň 345-sini klublarda, 55-sini bolsa milli ýygyndysyny düzüminde geçirdi.Mbappeniň 400 gola ýetmegi üçin 535 duşuşyk gerek boldy.

Lionel Messi 400 gola 525, Kristiano Ronaldo bolsa 653 oýunda ýetdi. Şeýle-de, 26 ýaş 11 aýlyk Mbappe 400 gola Lionel Messiden hem-de Ronaldodan çalt ýetmegi başardy.Messiniň 26 ýaş 11 aýlyk döwründe 391, Ronaldonyň 266 goly bardy.

Ýene degişli makalalar

Iň köp gazanç edýän futbolçylar Ronaldo ep-esli aratapawut bilen öňde barýar
17-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
9-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ronaldu 2023-nji ýylda dünýäniň iň köp pul gazanan sportçusy boldy
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)