FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi

FIFA/FIFPro boýunça ýylyň simwoliki toparyna girmäge dalaşgär oýunçylar yglan edildi

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Professional Futbol Assosiasiýasy (FIFPro) boýunça ýylyň toparyna girmek üçin dalaş edýän oýunçylaryň sanawy belli boldy. Bu barada FIFPro-nyň web sahypasyna salgylanyp, matchtv.ru habar berdi.

23 sany dalaşgäriň hataryna şu aşakdaky oýunçylar girdi:

derwezebanlar - Alisson (Braziliýa, "Liwerpul"), Janluiji Donnarumma (Italiýa, "Milan"/"PSŽ"), Eduar Mendi (Senegal, "Çelsi");

goragçylar - Dawid Alaba (Braziliýa, "Bawariýa"/"Real"), Jordi Alba (Ispaniýa, "Barselona"), Trent Aleksander-Arnold (Angliýa, "Liwerpul"), Dani Alwes (Braziliýa, "Sao Paulo"/ "Barselona"), Leonardo Bonuçi (Italiýa, "Ýuwentus"), Ruben Diaş (Portugaliýa, "Mançester Siti");

ýarymgoragçylar - Serhio Buskets (Ispaniýa, "Barselona"), Frenki De Ýong (Niderlandlar, "Barselona"), Kewin De Bruýn (Belgiýa, "Mançester Siti"), Bruno Fernandeş (Portugaliýa, "Mançester Ýunaýted"), Žoržinýo (Italiýa, "Çelsi") we N'Golo Kante (Fransiýa, "Çelsi");

hüjümçiler - Karim Benzema (Fransiýa, "Real"), Kriştianu Ronaldu (Portugaliýa, "Ýuwentus"/"Mançester Ýunaýted"), Erling Holland (Norwegiýa, Dortmundyň "Borussiýasy"), Robert Lewandowski (Polşa, "Bawariýa"), Romelu Lukaku (Belgiýa, "Inter"/"Çelsi"), Lionel Messi (Argentina, "Barselona"/"PSŽ"), Neýmar (Braziliýa, "PSŽ"), Kilian Mbappe (Fransiýa, "PSŽ").

Simwoliki topara iň köp ses alan bir derwezeban, üç goragçy, üç ýarymgoragçy we üç hüjümçi girer. “Ýylyň toparyndan” ýene bir ýer galanlaryň arasynda iň köp ses alan meýdan futbolçysyna berler.

"Ýylyň topary" FIFA-nyň 17-nji ýanwarda geçiriljek baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

FIFA 2021-nji ýylyň simwoliki ýygyndysyny mälim etdi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Super agyr agramdaky absolýut çempionlyk tutluşygynyň senesi belli boldy
Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi
Dünýäniň iň gymmat futbolçylary
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi