Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş

Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş

Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” öz meýdançasynda “Osasuna” toparyny Rafinýanyň 70-nji hem-de 86-njy minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda utdy.Madridiň “Realy” myhmançylykda “Alawesi” Mbappe hem-de Rodrigonyň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykda madridlilere ýeňiş getiren goly geçiren Rodrigo çempionatda 11 aýdan soň tapawutlanmak başartdy. “Real Madrid” çempionatda soňky 6 oýunda 2-nji gezek ýeňiş gazandy. Şol hasap “Atletiko” bilen “Walensiýanyň” arasyndaky oýunda-da madridlileriň peýdasyna hasaba alyndy.

R. Sosiedad Žirona: 1-2 (Gedeş 35 Sygankow 76, 84),

Atletiko Walensiýa: 2-1 (Koke 17, Grizmann 74 Beltran 63),

Malýorka Elçe: 3-1 (Morlanes 5, Maskarel 82, Muriki 89 Maffeo 21 ö.d.),

Barselona Osasuna: 2-0 (Rafinýa 70, 86),

Hetafe Espanýol: 0-1 (Kabrera 53),

Sewilýa Owiedo: 4-0 (Adams 4, Sou 22, Mendi 51, Edžuke 89),

Selta Atletik: 2-0 (Swedberg 48, El-Abdellaiu 55),

Alawes Real Madrid: 1-2 (Wisente 68 Mbappe 24, Rodrigo 76),

R. Wallekano Betis (şu gije, 01:00)

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” ýeňiş bilen başlap bilmedi, “Barselona” ilkinji tapgyrda ýeňiş gazandy
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
“Leganes” “Barselonany” myhmançylykda ilkinji gezek ýeňdi
Altyň biri aşaky liga düşer
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär