Çempionatyň iň netijeli oýunçysy Kristiano Ronaldo

Portugaliýaly ýyldyz futbolçy Kristiano Ronaldo 16-njy Ýewropa çempionatynyň iň netijeli oýunçysy boldy. 5 gol geçirip, 1 goluň hem pasyny beren super ýyldyz bu ugurda 5 gol geçiren çehiýaly Patrik Şikden öňe saýlandy.

Ronaldo gollarynyň 5-sini hem toparçalardaky oýunlarda geçirdi.Ol Portugaliýanyň Wengriýa hem-de Fransiýa bilen bolan oýunlarynda 2 gezekden, şol sanda, Germaniýanyň derwezesinden 1 gol geçiripdi.Ronaldo gollarynyň 3-sini penalti urgularyndan derwezä girizdi. Ýewropa çempionatlaryndaky gollarynyň sanyny 14-e ýetirip, bu ugurda rekordyň eýesi bolan Ronaldo milli ýygyndylarda iň köp gol geçiren iki futbolçynyň biridir.

EURO 2020-niň iň netijeli futbolçylary:

1. Kristiano Ronaldo (Portugaliýa) 5 gol, 1 asist (360 minut)

2. Patrik Şik (Çehiýa) 5 gol (404 minut)

3. Karim Benzema (Fransiýa) 4 gol (349 minut)

Mundan öňki çempionatlaryň iň netijeli futbolçylary:

2016: Antun Grizmann (Fransiýa) 6

2012: Fernando Torres (Ispaniýa) 3

2008: Dawid Willa (Ispaniýa) 4

2004: Milan Baroş (Çehiýa) 5

2000: Patrik Kluiwert (Niderlandlar), Sawo Miloşewiç (Ýugoslawiýa) 5

1996: Alan Şirer (Angliýa) 5

1992: Dennis Bergkamp (Niderlandlar), Tomas Brolin (Şwesiýa), Henrik Larsen (Daniýa), Karl-Haýnz Ridle (Germaniýa) 3

1988: Marko wan Basten (Niderlandlar) 5

1984: Mişel Platini (Fransiýa) 9

1980: Klaus Allofs (Günbatar Germaniýa) 3

1976: Diter Müller (Günbatar Germaniýa) 4

1972: Gerd Müller (Günbatar Germaniýa) 4

1968: Dragan Džaýiç (Ýugoslawiýa) 2

1964: Ferens Bene, Deso Nowak (ikisem – Wengriýa), Hesus Mariýa Pereda (Ispaniýa) 2

1960: Milan Galiç (Ýugoslawiýa), Fransua Hoýt (Fransiýa), Walentin Iwanow (SSSR), Dražan Ýerkowiç (Ýugoslawiýa), Wiktor Ponedelnik (SSSR) 2

Ýene degişli makalalar

Total futbolyň jemleýji bölümi
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Şu gün Halkara tans güni bellenýär
OZALKY DUŞUŞYKLAR BARADA KELAM AGYZ