Messi 9-njy futbolçy

Dünýä Kubogyny gazanan Argentinanyň kapitany, super ýyldyz Lionel Messi adyny iň arzyly sanawa ýazdyrmagy başardy.Ol futbolyň çür depedäki iň esasy baýraklaryny gazanan futbolçylaryň biri boldy. Ýagny şahsy baýraklaryň iň eý görülýäni “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragyny Messi 7 gezek gazanmagy başardy.

Klub ýaryşlarynyň naýbaşysy UEFA Çempionlar Ligasynyň kubogyny-da 4 sapar alan Messi Dünýä Kubogynyň hem çempiony boldy. Şunlukda, Lionel Messi “Altyn top” baýragyny, Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny hem-de Dünýä Kubogyny gazanan 9-njy futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Ondan öňde angliýaly Bobbi Çarlton, germaniýaly Frans Bekkenbauer bilen Gerd Müller, italiýaly Paolo Rossi, fransiýaly Zinedin Zidan, braziliýaly Riwaldo, Ronaldinio hem-de Kaka ýaly ýyldyzlar futbolyň iň uly 3 baýragyny gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Diňe 8 futbolça başartdy
Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
“Meniň ornumy hiç kim almaz”
Ilkinji iňlis topary
Rowaýaty futbolçy aradan çykdy
Sportuň taryhynda şu gün 27-nji dekabr