Ilkinji iňlis topary

UEFA-nyň 1-nji derejeli klub ýaryşynyň 13-nji möwsüminde 32 topar bäsleşige gatnaşýar. 1967-nji ýylyň sentýabrynda bat alan ýaryş, 1968-nji ýylyň maýynda Mançester Ýunaýtediň çempionlygy bilen tamamlanýar. Ol bu kubogy eýelän ilkinji iňlis kluby bolýar.

1-nji tapgyrda soňky çempion Seltik ýaryşdan çykýar.Kiýewiň Dinamosyndan öz meýdançasynda 21 utulan şotland topary myhmançylykda-da 11 deňme-deň oýnaýar.Tapgyryň çekeleşikli geçen oýunlarynda Real Madrid Aýaksdan kynlyk bilen üstün çykýar.

Edil şonuň ýaly Benfika hem Glentorandan üstün çykmak ýeňil düşmeýär (00, 11).Iňlis kluby Mançester Ýunaýtede Hiberniansy öz meýdançasynda 40 ýeňmegi 2-nji tapgyra çykmak üçin ýeterlik bolýar.

2-nji tapgyrda-da wenger topary Wasas uly hasaplar bilen ýeňiş gazanýar.Islandiýanyň Walur toparyny 60 we 51 hasaplar bilen ýeňen Wasas 1-nji tapgyrda Irlandiýanyň Dandolk klubuny 10 we 81 hasaplar bilen utupdy.

Mançester Ýunaýted myhmançylykda ýeňip bilmedik Saraýewo toparyny Angliýada Aston we Bestiň gollary bilen 21 ýeňýär.Myhmançylykda 22 deňme-deň oýnan Real Madrid öz meýdançasynda ýaryşyň täze kluby Hwidowreni 41 utýar. Ýuwentusdyr Benfika toparlary 2 oýnuň netijesi boýunça 1 gol aratapawudy bilen garşydaşlaryndan üstün çykýar.

Çärýek finalda ýaryşy dowam etdiren klublaryň hiç birine-de 2 oýunda ýeňiş gazanmak başartmaýar.Mançester Ýunaýted polýaklaryň Gornik Zabrze toparyny öz meýdançasynda 20 ýeňýär.Jogap oýnunda 10 utulan iňlisler bir möwsümden soň, ýene ýarym finala çykýar.

Real Madrid öz meýdançasynda Praganyň Sparta toparyny Amansionyň het-trigi bilen 30 ýeňlişe sezewar edýär.Pragada 21 ýeňiş gazanan çeh toparyna bu ýeňiş ýeterlik bolmaýar. Şu tapgyra çenli ýaryşyň iň köp gol geçiren topary Wasas öz meýdançasynda Benfika bilen golsuz deňme-deň oýnaýar. Ýöne myhmançylykda Eýsebionyň 2 gol geçiren oýnunda 30 utulan wenger topary üçin ýaryş tamamlanýar.

Myhmançylykda 1-nji ýarymda geçirden 3 goly esasynda Aýntrahtdan 32 utulan Ýuwentus Turinde Berçellinonyň soňky minutlardaky penalti goly bilen 10 utýar.Toparlaryň özara 3-nji duşuşygynda-da şol hasap (10) gaýtalanýar we italýan topary ýarym finala çykýar.

Ýarym finalda Mançester Ýunaýted öz meýdançasynda Real Madridi Jorj Bestiň ýeke-täk goly bilen 10 ýeňýär. Çekeleşikli geçen jogap oýny 33 deňlikde tamamlanýar (Pirri 32, Hento 41, Amansio 45 — Zoko 44 ö.d., Sadler 73, Folkes 78).

Benfika topary Ýuwentusy Portugaliýada Eýsebio we Torresiň gollary bilen 20, Italiýada bolsa, Eýsebionyň ýeke-täk goly bilen 10 utup, 5-nji gezek finala çykýar.

Final duşuşygy 1968-nji ýylyň 29-njy maýynda Londondaky Wembley stadionynda oýnalýar. 92225 janköýeriň gatnaşan duşuşygyna italiýaly Konçetto Lo Bello eminlik edýär.Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar.

Oýnuň 53-nji minutynda Bobbi Çarlton hasaby açýar. 79-njy minutda Graça hasaby deňleýär we duşuşyga 30 minut goşulýar. Şol goşmaça wagtyň ilkinji 10 minutynda iňlis kluby yzly-yzyna 3 gol geçirýär. 92-nji minutda Jorj Best, 94-nji minutda Braýan Kidd hem-de 99-njy minutda Çarlton tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirýär. Şeýlelikde, Mançester Ýunaýted 41 hasabynda üstün çykyp, ilkinji çempionlygyny gazanýar.

Mundan öňki möwsümde çempionlygy gazanan Seltik bu kubogy eýelän ilkinji britan topary bolupdy.Bu gezek Mançester Ýunaýted bu kubogy eýelän ilkinji iňlis kluby hökmünde taryha girýär.Benfika bolsa 2 çempionlyk gazanan ýyllaryndan soň, 3-nji gezek finalda utulýar.

Ýene degişli makalalar

Rowaýaty futbolçy aradan çykdy
Messi 9-njy futbolçy
Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
Diňe 8 futbolça başartdy
56 ýyllyk rekordy gaýtalady
Sportuň taryhynda şu gün 27-nji dekabr