56 ýyllyk rekordy gaýtalady

UEFA Ýewropa ligasynda çärýek finalyň birinji oýunlarynda myhmançylykdaky toparlar üstünlikli çykyş etdi.Kubogyň esasy dalaşgärlerinden “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Granadany” 2-0 hasabynda ýeňdi.Duşuşykda “Ýunaýtediň” gollaryny Markus Reşford bilen Bruno Fernandeş derwezä girizdi. Şu möwsümde Ýewrokuboklarynyň çäginde 8-nji goluny geçiren Markus Reşford 56 ýyllyk rekorda şärik boldy.

Ol Bobbi Çarltondan soň, Ýewrokuboklarynda bir möwsümde 8 gol geçiren ilkinji iňlis futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Çärýek finalyň beýleki oýunlarynda “Roma” myhmançylykda “Aýaksy” 2-1 ýeňdi. “Aýaksdan” Tadiçiň penalti salyp bilmedik oýnunda gollary ýer eýelerinden 39-njy minutda Klaassen, myhmanlardan 57-nji minutda Pellegrini bilen 87-nji minutda Ibanýes geçirdi.

Ispanlaryň “Wilýarrealy” hem myhmançylykda “Dinamo Zagrebi” Žerar Morenonyň 44-nji minutda penaltiden geçiren goly esasynda 1-0 ýeňdi.

86-njy minutda Pepeniň goly bilen öňe saýlanan “Arsenal” 90+4-nji minutda “Slawiýa Pragadan” Holeşiň goluny saklap bilmedi.

Arsenal Slawiýa Praga: 1-1

Granada Mançester Ýunaýted: 0-2

Aýaks Roma: 1-2

Dinamo Zagreb Wilýarreal: 0-1

The post 56 ýyllyk rekordy gaýtalady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” ýaryşdan çykdy, “Nottingam Forest” 31 ýyldan soň ýarym finalda
Ýewropa ligasynyň 1/4 finalynyň birinji duşuşyklarynyň netijeleri
Iňlis toparlary ýeňlişsiz barýar
Ten Hag Ýunaýtedde ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmekde Fergusony hem yzda galdyrdy
965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler
Arsenalyň çempionlyk ugrundaky möhüm ýeňşi