Ten Hag Ýunaýtedde ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmekde Fergusony hem yzda galdyrdy

Ten Hag Ýunaýtedde ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmekde Fergusony hem yzda galdyrdy

Düýn Mançester Ýunaýted Angliýanyň Liga kubogynyň 1/4 final tapgyrynda Çarltony (3:0) ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, niderlandly hünärmen Erik Ten Hag Ýunaýtediň baş tälimçiligindäki ýeňişleriniň sanyny 20-ä ýetirdi. Ol toparyň taryhynda ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmek üçin iň az oýun (27 oýun) sarp eden tälimçi hökmünde taryha girdi.

Maglumat üçin, Mançester Ýunaýtediň taryhynda ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmekde sarp edilen oýunlaryň sany boýunça Erik Ten Hagdan soňra degişli yzygiderlilikde Žoze Mourinýo (31 oýun), Lui wan Gal (36 oýun), Mett Besbi (40 oýun), Ole-Gunnar Sulşer (42), Aleks Ferguson (45 oýun) we Tomas Doçerti (68 oýun) ýaly tälimçileriň ady getirilýär.

Topar bilen bagly ýene bir gyzykly maglumaty dykgatyňyza ýetirsek, Çarlton bilen oýunda adyna iki gol ýazdyran Reşford Ýunaýtediň bassyr 8 öý oýnunda gol urup gelýär. Şeýle ýagdaýyň soňky 13 ýylda ilkinji gezek bolýandygyny bellemek gerek.

Mançester Ýunaýted indiki oýnuny 14-nji ýanwarda goňşusy Mançester Sitiniň garşysyna geçirer.

Ýene degişli makalalar

Erik Ten Hag Mançester Ýunaýtediň iň tiz wagtda kubok gazanan tälimçisi boldy
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!
56 ýyllyk rekordy gaýtalady
“Mançester Siti” ýaryşdan çykdy, “Nottingam Forest” 31 ýyldan soň ýarym finalda
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
ÝÇL: Mançester Ýunaýted ýaryşy toparçadaky soňky orun we üç sany antirekord bilen jemledi