Erik Ten Hag Mançester Ýunaýtediň iň tiz wagtda kubok gazanan tälimçisi boldy

Erik Ten Hag Mançester Ýunaýtediň iň tiz wagtda kubok gazanan tälimçisi boldy

Mançester Ýunaýted Angliýanyň Liga kubogynyň finalynda Nýukasly ýeňlişe sezewar edip, kuboga eýe çykdy.

Duşuşyk 2:0 hasabynda Mançester Ýunaýtediň peýdasyna tamamlandy. Ýunaýtede ýeňiş getiren gollaryň birini Kazemiro (33') geçirdi, beýlekisi bolsa Reşfordyň (39') adyna ýazyldy.

Şeýlelikde, Mançester Ýunaýted 6 ýyllyk arakesmeden soňra, ilkinji titulyny gazandy. Topar soňky gezek 2017-nji ýylda Ýewropa ligasynyň çempiony bolupdy. Ýunaýtediň baş tälimçisi Erik Ten Hag bolsa klubyň taryhynda iň tiz wagtda kubok gazanan tälimçi boldy. Ol 276 günde topardaky ilkinji trofeýini gazanyp, bu ugurda ozalky rekordçy Mourinýony (281 gün) yzda galdyrdy.

Mundan başga-da, finalda Mançester Ýunaýtediň derwezesini ynamly goran Dawid De Hea bu toparyň düzüminde gol geçirtmedik oýunlarynyň sanyny 181-e ýetirdi. Şunlukda, ispaniýaly derwezeçi Ýunaýtediň lybasynda geçirilen arassa oýunlar boýunça Peter Şumaýheliň rekordyny (180 oýun) täzeledi.

Ýene degişli makalalar

Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!
Ten Hag Ýunaýtedde ilkinji 20 ýeňişlik sepgide ýetmekde Fergusony hem yzda galdyrdy
ÝÇL: Mançester Ýunaýted ýaryşy toparçadaky soňky orun we üç sany antirekord bilen jemledi
Ten Hag Çelsiniň häzirki ýagdaýy barada pikirlerini beýan etdi
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe guramalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi