"Mançester Ýunaýted" baş tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy

"Mançester Ýunaýted" baş tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy

RIA Nowostiniň futbol klubynyň metbugat gullugyna salgylanyp berýän habaryna görä, niderlandly hünärmen Erik ten Hag Angliýanyň "Mançester Ýunaýted" klubynyň baş tälimçi wezipesinden boşadyldy.

Onuň orunbasary Rud wan Nistelroý wagtlaýyn baş tälimçi wezipesini ýerine ýetirer. Klub täze baş tälimçi gözlegini dowam eder.

"Mançester Ýunaýted" dokuz oýunda 11 utuk bilen Angliýa Premier-ligasynyň (APL) tablisasynda 14-nji orunda barýar.

Ten Hag 2022-nji ýylyň tomsundan bäri "MÝu-da" işledi. 2023/24 möwsüminde "Gyzyl şeýtanlar" Angliýa çempionatynda sekizinji orny eýeledi, bu 1990-njy ýyldan bäri klubyň iň pes netijesi boldy. Erik ten Hagyň ýolbaşçylygynda komanda Angliýa Kubogyny (2024) we Angliýa liga kubogyny (2023) gazandy.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň milli ýygyndysy germaniýaly tälimçi bilen gepleşikler geçirýär
“Mançester Ýunaýted” Erik Ten Hagy ahyry ugratdy
“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi mälim edildi
Mançester Ýunaýted Erik ten Hag bilen şertnama gol çekişdi
Ýyldyz futbolçylar bir-birden klublaryny terk edýärler
Ronaldu nirä we näme üçin gitmek isleýär?!