“Mançester Ýunaýtediň” 67 million ýewrolyk täze goragçysy

“Mançester Ýunaýted” topary “Aýaksyň” argentinaly merkezi goragçysy Lisandro Martinesiň transfer edilendigini habar berdi.Erik ten Hag öňki şägirdini düzümine goşmak üçin “Aýaks” toparyna 57,3+10 million ýewro tölemeli bolar. 24 ýaşyndaky oýunçy mankunianlar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşar. 2019-njy ýylda Argentinanyň “Defensa y Ýustisia” klubunda transfer edilen merkezi goragçy amsterdamlylaryň düzüminde 3 möwsüm boýunça 120 gezek meýdança çykdy (6 gol).

Lisandro Martines Argentinanyň düzüminde-de 7 oýun oýnady.

Martines Malasiýa we Eriksenden soň “Mançester Ýunaýtediň” şu möwsümdäki 3-nji transferidir.

Ýene degişli makalalar

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
“Arsenal” utuk ýitirmegini dowam edýär
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
Osimheniň het-trigi
“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”