Mançester Ýunaýted Erik ten Hag bilen şertnama gol çekişdi

Mançester Ýunaýted Erik ten Hag bilen şertnama gol çekişdi

Amsterdamyň Aýaks klubunyň tälimçisi 2022-nji ýylyň tomsunda Mançester Ýunaýtede geçer. Bu barada iňlis klubunyň metbugat gullugy yglan etdi.

Şertnama 2025-nji ýyla çenli niýetlenilip, ýene-de bir möwsüm uzaldylyp bilner. 52 ýaşly hünärmen kluba möwsümiň ahyrynda goşular. Ten Hag Aýaksa 2017-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. Kluba ýolbaşçylyk etmek bilen, ol Niderlandlaryň çempionatynda oňa iki gezek ýeňiş gazandyrdy we iki gezek milli kubogy alyp berdi.

MÝ Iňlis premýer-ligasynda altynjy orny eýeleýär, topar 54 bal gazandy. Öňde barýan "Mançester Sitiden" 23 bal yza galýar.

Ýene degişli makalalar

Angliýanyň milli ýygyndysy germaniýaly tälimçi bilen gepleşikler geçirýär
“Mançester Ýunaýted” Erik Ten Hagy ahyry ugratdy
"Mançester Ýunaýted" baş tälimçisi Erik ten Hagy wezipesinden boşatdy
Garaşylmadyk habar: Al-Aýnyň baş tälimçisi işden gitdi
Pep we onuň şägirtleri (makala)
“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi belli boldy
“Mançester Ýunaýtediň” täze tälimçisi mälim edildi