Rowaýaty futbolçy aradan çykdy

Dünýä futbolynyň belli şahsyýetlerinden, iňlis futbolynda uly yz galdyran Ser Bobbi Çarlton 86 ýaşynda aradan çykdy.Angliýanyň 1966-njy ýylda Dünýä Kubogyny gazanan ýygyndysynyň düzüminde oýnan, “Altyn top” baýragynyň eýesi, şol sanda Çempionlar Ligasynyň (Ýewropa Çempion Klublaryň Kubogy) ýeňijisi Ser Bobbi Çarlton 1937-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Eşingtonda doglupdy.

Ol 1956-njy ýylda başlan professional karýerasyny 1973-nji ýyla çenli “Mançester Ýunaýtedde” dowam etdirdi.Soňra 1980-nji ýyla çenli “Preston Nord End”, “Woterford” hem-de Awstraliýanyň käbir klublarynda oýnady. Ýarymgoragda hem-de hüjümde oýnan Çarlton “Mançester Ýunaýtedde” 758 oýunda 249 gol geçirdi.

Angliýanyň milli ýygyndysynda-da 106 oýunda 49 gezek tapawutlandy.

Çarlton “Mançester Ýunaýtedde” 3 gezek milli çempionlyk, şol sanda Ýewropa Çempion Klublaryň Kubogyny hem-de FA Kubogyny 1 sapar gazandy.

Çarlton 1958-nji ýyldaky Münhen uçar heläkçiliginden aman sypyp, ýaşap ýören soňky şahsyýetdi. Galyberse-de, Çarltonyň aradan çykmagy bilen Angliýanyň 1966-njy ýylda Dünýä Kubogyny gazanan ýygyndysynyň düzüminden diňe finalda 3 gol geçiren Ser Jorj Hörst häzirki wagtda ýaşap ýör.

Ýene degişli makalalar

Messi 9-njy futbolçy
Gol geçendigi henizem belli däl (Dünýä Kubogy 1966)
Diňe 8 futbolça başartdy
Ilkinji iňlis topary
56 ýyllyk rekordy gaýtalady
Sportuň taryhynda şu gün 27-nji dekabr