GARAKÇYLAR GAÝDYP GELÝÄR

Ilkinjisi 2003-nji ýylda ekranlara çykarylan “Karib deňziniň garakçylary” fantastik başdan geçirme filmleriniň hataryna ýene biri, has takygy, bäşinjisi goşulýar.Bu filmde-de baş keşbi kapitan Jek Sparrowyň keşbini, öňki bölümleriň iň esasy ýyldyzy Jonni Depp janlandyrýar.

Oskaryň dalaşgäri “Kon-Tiki” filmi bilen adygan norwegiýaly režissýorlar Ýoahim Ronning we Espen Sandbergiň bilelikde surata düşüren kinosynda beýleki keşplerde-de Hawier Bardem, Brenton Twaites, Kaýa Skodelario, Kewin MakNalli, Jeffri Raş dagy çykyş edýär. Öňki 3 filmiň baş gahrymanlaryny janlandyran Orlando Blum bilen Kira Naýtli hem täze ekran eserinde az wagtlyk hem bolsa görner.

Filmiň ssenarisini Jeff Natenson ýazdy. 230 million dollar çykdajy edilen kino 129 minutlap dowam edýär.Kino Awstraliýada, Puerto Rikoda, Kanadada, Meksikada, Günorta Afrikada, şeýle hem ABŞ-nyň Luiziana we Nýu Orleans ştatlarynda surata alyndy.Mundan öňki 4 kino üçin 1 milliard 50 million dollar töweregi pul harçlanypdy. Ýöne kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan bu filmler toplumy prokatdan 3 milliard 730 million dollar gazanyp, çykdajynyň öwezini aňryýany bilen dolupdy. 2-nji we 4-nji filmler girdejisini 1 milliard dollardan geçiren kinolaryň hataryna goşulypdy.

Bilermenler 5-nji filmiň-de prokatda azyndan şol girdejini gazanmagyna garaşýar.Kapitanlaryň şasy Jek Sparrow täze başdan geçirmede aýbygadym kapitan Salazar we onuň ýolbaşçylygyndaky arwah garakçylaryň garşysyna göreş alyp barýar.

Ol Salazaryň gazabyndan gutulmak üçin asman jisimlerini öwreniji gyz Karina Smit hem-de özdiýenli ýaş deňizçi Henri bilen Poseýdonyň hasasyny tapmak üçin şertnama baglaşýar…

Ady: “Karib deňziniň garakçylary 5” (Pirates of the Caribbean: Dead Men Tell No Tales); Režissýory: Ýoahim Ronning, Espen Sandberg; Keşplerde: Jonni Depp, Hawier Bardem, Brenton Twaites, Kaýa Skodelario, Kewin MakNalli, Jeffri Raş, Orlando Blum, Kira Naýtli; Ssenariçi: Jeff Natenson; Prodýuseri: Jerri Brukhaýmer; Kompozitory: Jeoff Zanelli; Öndüriji: “Walt Disney Pictures”, “Jerry Bruckheimer Films”; Paýlaýjy: “Walt Disney Studios Motion Pictures”; Dowamlylygy: 129 minut; Görnüşi: fantastik, başdan geçirme, uruşly, komediýa;Ýurdy: ABŞ; Dili: iňlisçe; Býujeti: 230 million $.

Ýene degişli makalalar

Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň milli pälwany Ryza Kaýaalp Ýewropanyň çempiony boldy
Dünýä habarlary gysga setirlerde
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi