Futbol taryhynyň iň gowy simwolik 11-ligi

Dünýä belli “France Football” žurnaly ähli döwürleriň iň gowy simwolik ýygyndysyny, ýagny “Ballon d’OR Dream Team”-i mälim etdi.Dünýäde 140 žurnalistiň ses bermegi esasynda düzülen toparda derwezeçi hökmünde Lew Ýaşin (Russiýa) saýlandy.

Toparyň goragçylaryny Paolo Maldini (Italiýa), Frans Bekkenbauer (Germaniýa), Karlos Kafu (Braziliýa), ýarymgoragçylaryny Hawi Hernandes (Ispaniýa), Lotar Matteus (Germaniýa), Diego Maradona (Argentina) hem-de Pele (Braziliýa) düzýär. 3-4-3 taktiki shemasy esasynda düzülen toparyň hüjümçileri-de Kristiano Ronaldo (Portugaliýa), Luiz Ronaldo (Braziliýa) hem-de Lionel Messi (Argentina) boldy.

The post Futbol taryhynyň iň gowy simwolik 11-ligi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Messi 9-njy futbolçy
Sportuň taryhynda şu gün 28-nji dekabr
France Football ähli döwürleriň iň gowy futbolçylarynyň ýygyndysyny yglan etdi
Diňe 8 futbolça başartdy
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk