5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda).1978-nji ýylda Braziliýa goňşusy we futboldaky ezeli bäsdeşi Argentinada geçirilen çempionatda 3-nji toparçada çykyş edýär. 12-nji duşuşygyny, Şwesiýadyr (11) Ispaniýa (00) bilen deňme-deň oýnan sambaçylar Awstriýany Dinamiteniň goly bilen ýeňýär. 2-nji tapgyrda toparçadaky 1-nji oýnunda Peru döwletiniň ýygyndysyny 30 utýar.

Soňra Argentina bilen deňme-deň oýnaýar (00).Polşadanam 31 üstün çykýar we 5 utuk toplaýar.Edil şonuň ýaly, Argentina hem 5 utuk toplaýar, ýöne tangoçylar soňky duşuşygynda perulylaryň torundan jogapsyz 6 pökgi girizip, gol aratapawudynda öňe saýlanýar (Bu duşuşyk häzirlerem jedelli ýagdaýda). Şeýlelikde, Braziliýa altyn däl-de, bürünç medal ugrundaky duşuşyga çykmaly bolýar.

Onda-da 8 ýyl öň finalda utan garşydaşy Italiýany Nelinio we Dirseunyň gollary bilen 21 hasabynda ýeňip, 2-nji gezek 3-nji orny eýeleýär.1982-nji ýylda Dünýä Kubogy Ispaniýada geçirilýär.

Esasy ýyldyzy Ziko we Sokratesiň öňdebaryjylygynda 6-njy toparçada SSSR-i 21 (Sokrates 76, Eder 89 — Bal 34), Şotlandiýany 41 (Ziko 33, Oskar 48, Eder 68, Falkoa 87 — Nareý 18) hem-de Täze Zelandiýany 40 (Ziko 28, 31, Falkao 64, Serjinio 70) hasabynda ýeňýär. 2-nji tapgyryň toparçalarynda bu gezek Argentinany 31 utýar (Ziko 11, Serjinio 66, Junior 75 — Diaz 89).

Rossiniň het-trik eden duşuşygynda Italiýadan garaşylmadyk ýagdaýda 32 (Rossi 5, 25, 74 — Sokrates 12, Falkao 68) hasabynda ýeňlişe sezewar bolýar.Toparçada 2-nji orny eýeläp, ýaryşdan çykýar. 1986-njy ýylda ýaryş ýene-de ummanyň beýleki tarapyna dolanýar.

Bu gezekki bäsleşigi Meksika özünde kabul edýär. 3-nji çempionlykdan soň, bassyr 3 ýaryşy kuboksyz tamamlan Braziliýa 1986-njy ýylda Dünýä çempionatyna “D” toparçada Ispaniýany 10 (Sokrates 62) hasabynda utup, ýeňiş bilen başlaýar.

Bu saparky çempionatda toparyň esasy ýyldyzlary Sokrates we Kareka bolup, Braziliýa 10 hasaby bilen Alžirdenem üstün çykýar (Kareka 66).Demirgazyk Irlandiýany-da Karekadyr (15, 87) Žosimaryň (42) gollary bilen 30 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär. 2-nji tapgyrda Polşadan 40 (Sokrates 30 p, Josimar 55, Edinio 79, Kareka 83 p) üstün çyksa-da, çärýek finalda Fransiýadan penaltilerden soň, asgyn gelýär (11, Kareka 17 — Platini 40; 34 p,).1990-njy ýylda Dünýä Kubogyny geçirmeklik gezegi ýene-de Ýewropa dolanýar. 1934-nji ýyldan soň, 2-nji gezek Italiýada geçirilen ýaryşda Braziliýa ýene bir ýola Şwesiýa bilen gabatlaşýar we 21 hasabynda ýeňiş gazanýar (Kareka 40, 63 — Brolin 79).

Sambaçylar soňra Kosta Rikany we Şotlandiýany Mülleriň geçiren gollary bilen ikisinem 10 hasabynda utýar. 2-nji tapgyrda Argentina bilen duşuşyp, çekeleşikli geçen oýunda Braziliýa ezeli garşydaşyndan 10 asgyn gelýär (Kanijjia 80).

24 ÝYLDAN SOŇ 4-nji ÇEMPIONLYK1994-nji ýylda Dünýä Kubogy ilkinji gezek ABŞ-da guralýar.Indi braziller üçin kubogy almagyň wagty gelip ýetipdi. 24 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmeýän Braziliýanyň ýygyndysy Russiýa, Şwesiýa hem-de Kamerun bilen bir toparça düşýär.

Russiýany Romario we Raýyň gollary bilen 20 utsa, Kamerunyň torundan jogapsyz 3 pökgi girizýär (Romario 39, Marsio Santos 66, Bebeto 73). Şwesiýa bilenem 11 deňme-deň oýnaýar (Romario 46 — K.

Andersson 23). 2-nji tapgyrda ýer eýeleri ABŞ bilen garşylaşýar we Bebetonyň 72-nji minutdaky goly bilen ýeňlişe sezewar edýär.Gollandiýa bilen çärýek finaldaky taryhy duşuşykda 32 (Romario 53, Bebeto 63, Branko 81—Bergkamp 64, Winter 76) hasabynda ýeňiş gazanan Braziliýa ýarym finalda ýene-de Şwesiýa bilen gabatlaşýar.

Bu sapar Romario sambaçylara ýeňiş getiren oýunçy bolýar (10). Şeýlelikde, 24 ýyldan soň finalda ýene-de Italiýa bilen duşuşýar.Oýnuň esasy hem-de goşmaça wagtlarynda hasap açylmaýar.Duşuşykdan soňky penalti urgularynda 32 öňe saýlanan Braziliýa Dünýä Kubogyny 4-nji gezek asmana göterýär we muny başaran ilkinji ýygyndy adyny alýar.1998-nji ýylda çempionat Fransiýada geçirilýär.

Braziliýa köplenç gabatlaşýan toparlaryndan Şotlandiýadan 21 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş bilen başlaýar.Soňra Marokkony 30 utup, Norwegiýadan 21 hasabynda asgyn gelýär. 1/8 finalda Çilini ýeňmek kyn düşmeýär.

Sezar Sampai we Ronaldonyň hersiniň 2 goly bilen ozaldanam gaty belet garşydaşyny 41 hasabynda utýar. Çärýek finalda Daniýa sambaçylara kynçylyk döretse-de, Bebeto we Riwaldo (2) toparyna ýeňiş getirýär (32). Ýarym finalda Braziliýa mundan 4 ýyl ozalam garşylaşan bäsdeşi Gollandiýa bilen duşuşýar.

Oýnuň esasy wagty Ronaldo we Kluiwertiň garşylykly gollary bilen deňme-deň gutarýar.Penaltileri has dürs (42) ýerine ýetiren Braziliýa bassyr 2-nji ýola finala çykýar.Finalda ýer eýeleri Fransiýa bilen duşuşýar.

Oýundan öňki we soňky dürli gürrüňleriň kölegesinde geçen duşuşykda fransuzlar Zidan (2) we Petiniň pökgüleri esasynda 30 hasabynda ýeňiş gazanyp, ilkinji çempionlygyny baýram edýär.Braziliýa bolsa, ilkinji gezek finalda utulyp, 1950-nji ýyldan soň, 2-nji sapar çempionaty kümüş medal bilen tamamlaýar.2002-nji ýylda çempionat yklymyny düýpgöter üýtgedip, Aziýada, has takygy, Günorta Koreýa we Ýaponiýada geçirilýär.

Ilkinji gezek futbolyň iň uly çäresini 2 döwlet bilelikde guraýar.Braziliýa bu ýaryşa soňky pursatda gatnaşmaga hukuk gazanýar. “C” toparçada Türkiýe, Hytaý hem-de Kosta Rika bilen özara güýç synanyşan Braziliýa 3 oýnuny-da ýeňiş bilen tamamlaýar.

Türkiýäni 21 (Ronaldo, Riwaldo), Hytaýy 40 (R.Karlos, Riwaldo Ronaldinio p, Ronaldo), Kosta Rikany-da 52 (Ronaldo 2, Edmilson, Riwaldo, Junior) hasabynda ýeňip, uly hasaply ýeňişler gazanýar. 1/8 finalda Belgiýany Riwaldo we Ronaldonyň gollary bilen 20 hasabynda utup, çärýek finala petek alýar. Çärýek finalda Angliýany garşydaşynyň 10 öňe saýlanandygyna garamazdan, Riwaldo we Ronaldinionyň pökgüleri esasynda ýeňlişe sezewar edýär (21). Ýarym finalda toparçada-da gabatlaşan garşydaşy Türkiýe bilen duşuşýar we Ronaldonyň ýeke-täk goly (49) bilen 10 hasabynda üstün çykýar.

Finalda Germaniýa bilen güýç synanyşyp, ýene-de super ýyldyzy, şol çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolan Ronaldonyň 2 goly (67, 79) bilen 5-nji çempionlygyny baýram edýär.2006-njy ýylda Germaniýada we 2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen Dünýä çempionatlarynda Braziliýa birmeňzeş netijeler görkezýär. Ýagny ikisinde-de çärýek finaldan öýüne dolanýar.

Germaniýadaky ýaryşda Horwatiýany 10 (Kaka 44), Awstraliýany 20 (Adriano 49, Fred 90), Ýaponiýany-da 41 (Ronaldo 45+1, 81, Juninio 53, Jilberto) hasabynda ýeňip, 2-nji tapgyrda-da Ganadan 30 (Ronaldo 5, Adriano 45+1, Ze Roberto 84) üstün çykýar. Çärýek finalda bolsa, Fransiýa olary Anriniň ýeke-täk goly bilen ýeňýär. 4 ýyldan soňky çempionatda-da toparçada Demirgazyk Koreýany 21 (Maikon 55, Elano 72), Kot-d’Iwuary 31 (L.

Fabiano 25, 50, Elano 62) utýar.Portugaliýa bilenem deňme-deň oýnap (00), 1/8 finalda Çili bilen gabatlaşýar.Bu gezegem üstünlik sambaçylaryň tarapynda bolýar (30; Juan 34, L.Fabiano 38, Robinio 59). Ýöne çärýek finalda brazillere hemişe diýen ýaly kynçylyk döredýän Gollandiýa 21 (Sneýder 53, 68 — Robinio 10) hasabynda ýeňiş gazanyp, sambaçylary öýüne ugradýar.

ÖZÜNDE GEÇIREN 2-nji ÇEMPIONATYNDA-DA…2014-nji ýylda 20-nji Dünýä Kubogy 64 ýyldan soň, 2-nji sapar Braziliýada geçirilýär.Birinji gezekki tejribe olaryň ýatdan çykarmak isleýän çempionatlary hökmünde taryha giripdi.

Ikinjisi hem şeýle bolýar.Aslynda şowsuzlyklar çempionatdan öň başlanýar.Tälimçi Skolariniň düzüme çagyran käbir oýunçylaryna nägilelikler bildirilýär. Ýöne muňa garamazdan, bilermenler tarapyndan oýun taktikasy taýdan pes görülse-de, toparçada 2 ýeňiş (Horwatiýany 31, Kameruny 41 utýar) 1 deňlik (Meksika 00) netije bilen çykyş edýär. 2-nji tapgyrda Çilini penaltilerden soň ýeňmegi başarýar. Çärýek finalda-da yklymyň başga bir topary Kolumbiýany kynlyk bilen ýeňýär (21; T.

Silwa 7, D.Luiz 69 — H.Rodriges 80 p).Oýun taýdan pes hem bolsa, Braziliýa Braziliýa bolýar diýen ýörelge ýarym finala çenli öz güýjüni görkezýär. Ýöne ýarym finalda welin…Belu-Orizontidäki “Mineýrao” stadiondaky ýarym finalda Germaniýa bilen duşuşýar.

Esasy ýyldyzy Neýmarsyz meýdança çykan Braziliýa ömründe görmedigini bu oýunda görýär.Eýýäm 1-nji ýarymda 5 pökgi geçiren nemesler stadiondaky janköýerleriň köpüsiniň aglaşmagyna, käbirleriniň bolsa, oýny terk etmegine sebäp bolýar.

Soňlugy bilen, Germaniýadan 71 hasabynda utulýar we bu Braziliýanyň taryhdaky iň uly ýeňlişi diýlip hasaba alynýar. Ýer eýeleri 3-nji ýer ugrundaky oýunda-da Gollandiýadan 30 hasabynda utulyp, özleri üçin juda pes netije bolan bürünç medaly hem alyp bilmeýärler.

Garaz, Braziliýa Dünýä Kubogyny özünde geçirse, şowly bolmaýar.Muny 2 gezek tejribe eden Braziliýanyň 3-nji synanyşygyna baş goşup-goşmajakdygyny wagt görkezer. Ýöne öňki 2 synanyşygyndan haýsysynyň has pajygalydygyny bilmek welin, janköýerler üçin juda kyn.Russiýa 2018-e ilkinji bolup, ýollanma alan topar Braziliýa bu ýylky çempionatda has şowly oýun görkezer diýlip çaklanylýar.

Hatda Neýmar we ýoldaşlaryndan çempionlyga garaşýanlaryň sany-da az däl.Başgaça aýdylanda, diňe bir brazil halky däl, eýsem, Ýer şarynda iň köp janköýerlik edilýän ýygyndylaryň biri bolan Braziliýanyň ýygyndysyndan we onuň tälimçisi Titeden futbol muşdaklary mundan 4 ýyl öňki şol taryhy ýeňlişiň öwezini çempionlyk bilen dolmagyna garaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
Sportuň taryhynda şu gün 5-nji oktýabr
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Amandurdy Annadurdyýew Sadyr Japarow bilen Ronaldinýo we Riwaldo garşy meýdana çykar
Ýusuf Ýazyjynyň rekordy, “Milanyň” 24 oýundan soň ilkinji ýeňlişi