Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)

13-nji Dünýä çempionaty 1986-njy ýylyň 31-nji maýy 19-njy iýuny aralygynda Meksika döwletinde geçirilýär.Aslynda 1974-nji ýylda bu ýaryşy guramaklyk Kolumbiýa ynanylypdy. Ýöne bu ýurduň şol wagtlar ykdysady ýagdaýynyň pes bolmagy zerarly 1983-nji ýylda 13-nji Dünýä Kubogy 8 ýyl öň hem ýaryşy guran Meksikada geçirmeli edilýär.

Kanada bilen ABŞ hem dalaşgär bolupdy. Şeýlelikde, Meksika futbol boýunça Dünýä Kubogyny 2 gezek guran ilkinji ýurt bolýar. Çempionatyň başlamagyna az wagt galanda, has takygy, 1985-nji ýylyň sentýabrynda bolup geçen ýer yranmasyndan soň, Meksika hem agyr hadysalary başdan geçirýär. Ýöne FIFA stadionlaryň zeper görmändigini nazarda tutup, şol sanda ýurda ykdysady taýdan goldaw bolsun diýen düşünje bilen çempionatyň Meksikada geçirilmegi baradaky kararyndan dänmeýär.

Saýlama tapgyrynda jemi 121 topar çykyş edýär. 24 topar 6 toparçada çykyş edip, Kanada, Daniýa we Yrak ilkinji gezek gatnaşýar.Bu gezek toparçalardan soň utulan-çykdy oýunlary oýnalýar.

Toparçalarda 1-2-nji orunlary eýelän ýygyndylar bilen bir hatarda, 3-nji ýeri eýelänleri iň gowy netije görkezen 4-si ýaryşy dowam etdirýär.

“A” toparçada Günorta Koreýa, Bolgariýa, Argentina hem-de Italiýa duşuşýar.Argentina Waldanonyň 2 gol geçiren oýnunda koreýleri 3-1 hasabynda ýeňýar.Bolgariýa bilen deňme-deň 1-1 (Altobelli 44 Sirakow 85) oýnan Italiýanyň ýygyndysy bilen Argentinanyň arasyndaky duşuşykda-da şol hasap gaýtalanýar (Altobelli 6 p Maradona 34).

Italýanlar Günorta Koreýany Altobelliniň 2 gezek tapawutlanan oýnunda 3-2 hasabynda ýeňdi (Altobelli 17, 73, Ço Kwan-Rae 82 ö.d. Çoi Soon-ho 62, Huh Žun-Moo 83).

Argentinler 3-nji duşuşygynda bolgarlardan Waldano (4) hem-de Burruçaganyň (77) gollary esasynda 20 hasabynda üstün çykýar.Argentinadyr Italiýa hem-de Bolgariýa ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

“B” toparçada ýer eýesi Meksika Belgiýany 21 ýeňip (Kuirarte 23, Sançes 39 wandenberg 45), Paragwaý bilen 1-1 deňme-deň oýnaýar.Yragy-da Kuirarteniň ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utýar.

Yragy 1-0 ýeňen Paragwaý 3-nji duşuşygynda Belgiýa bilen utuklary paýlaşýar.Belgiýanyň-da Yragy 21 hasabynda ýeňmegi, Meksikadyr Paragwaýdan soň olaryň 2-nji tapgyra çykmagyna uly ýardam berýär.

“C” toparçada Waleriý Lobanowskiniň tälimçiligindäki ozalky SSSR-iň ýygyndysy Wengriýany 60 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.Her ýarymda 3 gol geçiren ozalky Soýuzyň gollaryny Ýakowenko (2), Aleýnikow (4), Belanow (24 p), Ýaremçuk (66), Daýka 73 (ö.d.), Rodionow (80) geçirýär.

Fransiýa bilen 1-1 (Ras 53 Fernandes 62) oýnan Soýuzyň topary Kanadany-da Blohin (58) we Zawarowyň (74) gollary esasynda utýar.Kanadadan 10 (Papin 79) hasabynda üstün çykan fransuzlar Wengriýany 30 hasaby bilen ýeňýär (Stopira 29, Tigana 62, Roçeteau 84).

SSSR bilen Fransiýa indiki tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazanýar.Ilkinji gezek gatnaşan Kanada gol hem geçirip bilmän çempionaty tamamlaýar.

“D” toparçada Braziliýa Ispaniýany Sokratesiň (62), Alžiri Karekanyň (66) goly bilen 1-0 ýeňýär.Sambaçylar 3-nji duşuşygynda Demirgazyk Irlandiýanyň derwezesinden jogapsyz 3 gol girizýär (Kareka 15, 87, Josimar 42) D.

Irlandiýany Butraguenýo (1) we Salinasyň (18) gollary esasynda 21, şeýle-de Kaldere (15, 68) we Eloýyň (70) gollary bilenem Alžiri 30 hasabynda ýeňen ispanlar Braziliýadan soň, 2-nji tapgyra çykýar.

“E” toparçada ilkinji gezek gatnaşýan Daniýanyň ýygyndysy örän şowly netije görkezýär.Olar ilki Şotlandiýa Elkaýer Larsseniň (57) ýeke-täk goly bilen 1-0 utýar. 2-nji duşuşygynda Urugwaýdan 61 üstün çykýar.

Duşuşykda Elkaýer Larssen het-trik edýär.Beýleki gollary-da Lerbi, B.Laudrup hem-de J.Olsen geçirýär. 3-nji duşuşygynda Günbatar Germaniýa hem Daniýanyň öňünde durup bilmeýär (2-0, J.

Olsen 43 p, Eriksen 62). 1-nji duşuşygynda Urugwaý bilen deňme-deň oýnap, Şotlandiýany Wöller hem-de Allofsyň gollary bilen 2-1 ýeňen Günbatar Germaniýa Daniýadan soň 2-nji ýeri eýeleýär. 2 duşuşygyny deňlikde tamamlan Urugwaý 3-nji ýeri eýeläp, 2 utuk bilen 1/8 finala çykýar.

“F” toparçada Polşadyr Angliýa bilen deňme-deň (00) Marokko Portugaliýany 3-1 (Haýri 19, 26, Merri 62 Diamantino 80) hasabynda ýeňlişe sezewar edip, 4 utuk toplaýar we 1-nji orny eýeleýär.

Portugaliýadan 1-0 (Karlos Manuel 75) hasabynda asgyn gelen Angliýa Linekeriň het-trigi (9, 14, 34) bilen Polşadan 3-0 hasabynda üstün çykýar.Polşa Portugaliýany 1-0 hasabynda utup (Smolarek 68), ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanýar.

Ikinji tapgyrda Meksika Bolgariýany (Negrete 34, Serwin 61), Fransiýa-da soňky çempion Italiýany 2-0 (Platini 15, Stopira 57) hasabynda ýeňýär.Brazillere 1974-nji ýylda 3-nji ýer ugrundaky oýunda utulan garşydaşy Polşany bu sapar utmak kyn düşmeýär.

Sambaçylar Sokrates (30 p), Josimar (55), Edinýo (79) hem-de Karekanyň (83 p) 40 hasabynda ýeňiş gazanýar.Argentina Urugwaýy (Paskulli 42), Günbatar Germaniýa-da Marokkony (Matteus 87) 10 hasabynda utýar.

Lineker (31, 73) we Birdsliniň (56) gollary bilen Angliýanyň ýygyndysy Paragwaýy 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.Emilio Butraguenýonyň 4 gezek tapawutlanan duşuşygynda Ispaniýa toparçalarda şowly oýun görkezen Daniýadan 51 hasabynda üstün çykýar.

Ikinji tapgyryň iň gyzykly oýny SSSR bilen Belgiýa arasynda bolýar.Esasy wagty 2-2 deňlikde gutaran oýnuň goşmaça wagtynda Belgiýa 4-3 hasabynda ýeňşini baýram edýär (Şifo 56, Kulemans 77, Demol 102, Klasen 110 Igor Belanow 27, 70, 111 p). Şol ýyllaryň iň güýçli topary bolan SSSR-iň ýygyndysyna Belanowyň 3 goly ýeterlik bolmaýar.

Çärýek finalda 3 oýnuň ýeňijisi 11 metrlik jerime urgularyndan soň, belli bolýar.Braziliýa bilen Fransiýa 1-1 (Kareka 17 Platini 40), edil şonuň ýaly-da Ispaniýa bilen Belgiýa 11 (Senýor 85 Kulemans 35) hasabynda deňme-deň oýnaýar. 11 metrlik jerime urgularyndan soň, Fransiýa 43, Belgiýa-da 54 hasabynda ýeňiş gazanýar we Brazil hem-de ispan futbolçylary öýlerine dolanýar.

Brazilýa-Fransiýa duşuşygynda oýnuň ahyrlarynda braziliýaly Artur Zikonyň penalti urgusyny derwezeçi Bats sowmagy başarýar.Esasy wagty golsuz gutaran oýunda Günbatar Germaniýa ýer eýesi Meksikany 11 metrlik jerime urgularyndan soň 41 hasabynda ýeňip, 8-nji gezek ýarym finala çykýar.

Nemesler bu çempionatda o diýen gowy oýnamasalaram ýeňiş gazanmagy başarýar.

Belki-de dünýä futbolynyň ýatdan çykmajak oýunlarynyň birinde, çempionatyň finalyndan hem öňdeürti ýatlanylýan duşuşygy “Azteca” stadionynda oýnalyp, onda Argentina bilen Angliýa duşuşýar.Käbir meseleler sebäpli arasy düzüw bolmadyk 2 toparyň bu oýny häzirlerem iň köp ýatlanylýan duşuşyklaryň biridir.

Oýunda Diego Maradonanyň tora girizen 2 goly futbolyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. 115 müň töweregi janköýeriň tomaşa eden bu duşuşygynyň 51-nji minutynda Diego Maradona öz beren pasyny yzyna alýar we böküp, topy kellesi bilen, has takygy, eli bilen derwezä girizýär.

Ol duşuşykdan soň, bu gol barada: “Taňrynyň eli” diýip, beýanat berýär.Bu goldan 4 minut soň, ýagny 55-nji minutda topy ýarym meýdançadan alyp, öňüne çykan futbolçylary, soňunda-da derwezeçini aldap, hasaby 2-0-a ýetirýär.

Bu gol geçen asyryň goly hökmünde ykrar edilýär.Oýnuň 81-nji minutynda Linekeriň goly iňlislere ýeterlik bolmaýar.

Ýarym finalda 2 duşuşykda-da birmeňzeş netijeler hasaba alynýar. Günbatar Germaniýa Fransiýany Andres Breme (9) we Rudi Wölleriň (89), Argentina bolsa Belgiýany Diego Maradonanyň (51, 63) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edýär.

Bürünç medal ugrundaky oýunda Fransiýa bilen Belgiýa duşuşýar. Örän çekeleşikli geçen duşuşygyň esasy wagty 2-2 (Ferreri 27, Papin 43 Kulemans 11, Klasen 73) hasabynda deňlikde tamamlanýar. Goşmaça berlen ýarym sagatda fransuzlar 2 gol geçirip (Jenini 104, Amoros 111 p), 1982-nji ýyldaky dördünjiligini bu gezek bürünç medal bilen çalyşýar.

Kubok Maradonanyň elinde asmana göterilýär

29-njy iýunda Mehiko Sitidäki “Azteca” stadionynda oýnalan finala braziliýaly Romualdo Arppi Filio eminlik edip (1982-nji ýyldaky finalda-da braziliýaly eminler jürlewük çalypdy), oňa 114600 janköýer gatnaşýar.Oýnuň 23-nji minutynda Brown we 55-nji minutynda Waldano tapawutlanyp, Argentina 2-0 hasabynda öňe saýlanýar. Ýöne ruhdan düşmedik nemesler 74-nji minutda Rummenigge we 80-nji minutda Wölleriň takyk urgulary bilen hasaby deňleýär. 83-nji minutda Maradonanyň pasyny alan Horge Burriçaga oýna soňky nokady goýup, argentinlere soňky 3 ýaryşdaky ikinji çempionlygyny gazandyrýar.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR

“A”: Bolgariýa Italiýa: 1-1, Argentina G.Koreýa: 3-1, Italiýa Argentina: 1-1, G.Koreýa Bolgariýa: 1-1, G.Koreýa Italiýa: 2-3, Argentina Bolgariýa: 2-0; “B”: BelgiýaMeksika: 1-2, Paragwaý Yrak: 1-0, Meksika Paragwaý: 1-1, Yrak Belgiýa: 1-2, Paragwaý Belgiýa: 2-2, Yrak Meksika: 0-1; “C”: Kanada Fransiýa: 0-1, SSSR Wengriýa: 6-0, Fransiýa SSSR: 1-1, Wengriýa Kanada: 2-0, Wengriýa Fransiýa: 0-3, SSSR-Kanada: 2-0; “D”: Ispaniýa Braziliýa: 0-1, Alžir D.

Irlandiýa: 1-1, Braziliýa Alžir: 1-0, D.Irlandiýa Ispaniýa: 1-2, D.Irlandiýa Braziliýa: 0-3, Alžir Ispaniýa: 0-3; “E”: Urugwaý G.Germaniýa: 1-1, Şotlandiýa Daniýa: 0-1, G.

Germaniýa Şotlandiýa: 2-1, Daniýa Urugwaý: 6-1, Daniýa G.Germaniýa: 2-0, Şotlandiýa Urugwaý: 0-0; “F”: Marokko Polşa: 0-0, Portugaliýa Angliýa: 1-0, Angliýa Marokko: 0-0, Polşa Portugaliýa: 1-0, Angliýa Polşa: 3-0, Portugaliýa Marokko: 1-3

1/8 final: Meksika Bolgariýa: 2-0, SSSR Belgiýa: 3-4 (g.w.), Braziliýa Polşa: 4-0, Argentina Urugwaý: 1-0, Italiýa Fransiýa: 0-2, Marokko G. Germaniýa: 0-1, Angliýa Paragwaý: 3-0, Daniýa Ispaniýa: 1-5

Çärýek final: Braziliýa Fransiýa: 1-1, 3-4 p, G. Germaniýa Meksika: 0-0, 4-1 p, Argentina Angliýa: 2-1, Ispaniýa Belgiýa: 1-1, 4-5 p

Ýarym final: Fransiýa G. Germaniýa: 0-2, Argentina Belgiýa: 2-0

3-nji ýer üçin: Belgiýa Fransiýa: 2-4 (g.w.)

FINAL: Argentina G. Germaniýa: 3-2

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Bu çempionatdan soň toparçalar san bilen däl-de harplar bilen bellenilip başlanýar (“A”, “B”… toparça).

* Daniýanyň, Kanadanyň, Yragyň ýygyndylary ilkinji gezek gatnaşýar.

* Yragyň milli ýygyndysy saýlama oýunlaryndaky öz meýdançasynda oýnamaly ähli oýNuny başga ýurtlaryň stadionlarynda oýnady.

* Çärýek finaldaky Argentina bilen Angliýanyň arasyndaky oýna 115 müň janköýer tomaşa edýär.

* Urugwaý we Bolgariýa toparçada ýeňiş gazanman 2-nji tapgyra çykýar.

* Meksikanyň milli ýygyndysynyň “Aztekada” geçiren oýunlaryna (4 duşuşyk) ortaça 112 müň janköýer tomaşa edýär.

* Çempionatyň iň esasy wakasy Maradonanyň topy eli bilen tora girizmegi bolýar. Bu waka çärýek finalda Argentina bilen Angliýanyň arasyndaky oýunda bolup, şonda Maradona iki sany gopgunly topy tora salýar. Birinjisini eli bilen salan Maradonanyň 2-nji goly, futbol taryhynyň iň owadan gollarynyň biri hasaplanylýar. Ol meýdançanyň ortarasyndan alyp gaýdan topuny 4-5 oýunçyny aldap derwezä gönükdirýär.

* “Altyn butsy” baýragy 6 gol geçiren angliýaly Gari Linekere, “Altyn top” sylagy-da Diego Maradona gowşurylýar.

* Meksika Dünýä Kubogyny 2 gezek guran ilkinji ýurt bolýar.

* “Adidasyň” bu gezekki topy “Azteca” diýlip atlandyrylýar.

* Çempionatyň maskotyna bolsa “Pique” diýlip at goýulýar.

* Final oýnunda 6 sary petek görkezilip, bu rekord 2010-njy ýylyň finalynda täzelenýär.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
5 gezek çempion bolan ýeke-täk topar
Sportuň taryhynda şu gün 5-nji oktýabr
44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek