44 ýyldan soň 3-nji çempionlyk

1966-njy ýylda ýeri belli edilen ýene bir Dünýä Kubogy-da 1982-nji ýyldaky 12 Dünýä Kubogydyr. 1982-nji ýylyň 13-nji iýuny 11-nji iýuly aralygynda Ispaniýada geçirilen Dünýä Kubogyna ilkinji gezek 24 ýygyndy gatnaşýar. Ýer eýesi Ispaniýa bilen soňky çempion Argentinanyň gönümel gatnaşan ýaryşynyň saýlama tapgyrynda 109 ýygyndy çykyş edýär.

Soňky 2 ýaryşyň finalçysy Niderlandlar, şol sanda Şwesiýa hem-de bassyr 2-nji gezek Urugwaý gatnaşyp bilmeýär.Demirgazyk Irlandiýa 24, Çehoslowakiýadyr Salwador hem-de Angliýa we ozalky SSSR-iň ýygyndylary 12 ýyldan soň, Dünýä Kubogyna dolanýar. 24 topar 6 toparçada özara güýç synanyşýar.

Toparlaryň sanynyň 16-dan 24-e çykarylmagynyň esasy sebäbi-de Aziýadyr Afrikadan gatnaşjak ýygyndylaryň sanyny artdyrmak bolup, Alžir, Kamerun, Gonduras, Kuweýt, Täze Zelandiýa ilkinji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik edýär.

1-nji toparçada oýnalan 6 duşuşygyň 5-si deňlikde tamamlanýar.Italýanlar hem-de kamerunlylar 3 duşuşygyny hem deňme-deň oýnaýarlar.Italiýa-Polşa, Peru-Kamerun, Polşa-Kamerun duşuşyklarynda hasap açylmaýar.

Italiýa ilki Peru (Konti 18 Diaz 83), soňra Kamerun (Graziani 60 M’Bida 61) 1-1 deňme-deň oýnaýar.Peruny 5-1 hasabynda ýeňen Polşa toparçada 1-nji ýer eýeleýär. 2 gol geçirip, 2 gol geçirden Italiýa 2-nji ýeri eýeläp, ýaryşy dowam etdirýär. 1 gol geçirip, 1 gol geçirden Kamerunyň ýygyndysy ýeňlişsiz hem bolsa Dünýä Kubogy bilen hoşlaşýar.

2-nji toparçada debýutant Alžiriň ýygyndysy Günbatar Germaniýany Madjer we Belluminiň gollary bilen 2-1 ýeňýär. Çilini ilki Awstriýa 1-0, soňra Rummeniggeniň het-trik eden oýnunda-da Germaniýa 4-1 ýeňlişe sezewar edýär.

Alžir 2-nji duşuşygynda Awstriýadan 2-0 asgyn gelýär.Alžir bilen Çiliniň arasyndaky oýunda afrikalylar 1-nji ýarymda 3-0 öňe saýlanýar. 2-nji ýarymda 2 gol geçirden Alžire bu 2 olary 2-nji tapgyrdan alyp galýar.

Eger-de Alžir şol 2 goly geçirtmedik bolsa, onda olar beýleki duşuşygyň netijesi olary gyzyklandyrmazdy.Alžir-Çili duşuşygyndan soň oýnalan oýunda iki nemes dilli ýurt G.Germaniýa bilen Awstriýa duşuşýar.

Duşuşykda 2 ýygyndynyň hem indiki tapgyra çykmagy üçin ýeke-täk hasap ýol bardy Ol hem Germaniýanyň 1-0 ýeňşi we duşuşyk şeýle-de tamamlanýar. Ýeke-täk goly 10-njy minutda Horst Hrubeş geçirýär.

Duşuşygyň goldan soňky 80 minuty futbolyň taryhyndaky iň ýakymsyz ýatlama bolup galýar.Duşuşykda 80 minutlap iki topar hem hüjüm guramaýar.Top haýsy topara düşse, diňe özara paslaşylýar.

Bu duşuşyk futbolyň taryhyna utanç duşuşygy hökmünde girýär.Bu çempionatdan soň FIFA 3-nji duşuşyklaryň bir wagtda başlamagy bilen baglanyşykly düzgüni girizýär.

3-nji toparçada Belgiýa Maradonaly Argentinany Wandenbergiň ýeke-täk goly bilen utýar. 12 ýyldan soň Dünýä Kubogyna gatnaşan Salwador Wengriýadan 10-1 hasabynda asgyn gelýär.Bu duşuşyk Dünýä Kubogynyň taryhyndaky iň uly aratapawutly 3-nji ýeňiş bolýar.

Argentina Wengriýany Maradonanyň 2 gol geçiren oýnunda 4-1, Salwadory-da Passarella we Bertoniniň gollary bilen 2-0 utýar.Salwadory 1-0 utup, Wengriýa bilen 1-1 deňme-deň oýnan Belgiýa toparçada 1-nji orny eýeleýär.

Argentina 2-nji, 1 duşuşykda 10 gol geçiren wengerler 3-nji ýere mynasyp bolýar.

4-nji toparçada Angliýa Fransiýany 3-1 (Robson 1, 67, Mariner 83 Soler 24), Çehoslowakiýany 2-0 (Fransis 62, Barmoş 66 ö.d.), ilkinji gezek gatnaşýan Kuweýti-de 1-0 (Fransis 27) hasabynda ýeňýär.

Toparçada 2-nji ýere fransuzlar mynasyp bolýar.Toparçadaky ýatda galan oýunlaryň birinde Fransiýa Kuweýti 4-1 ýeňýär.Duşuşygyň soňky 15 minutynda 3-1 öňde barýan fransuzlar ýene bir gol geçirýär. Şol mahal tribunadan gelen jürlewügiň sesi sebäpli kuweýtli futbolçylar emin oýny saklandyr diýen pikir bilen durýarlar.

SSSR-li emin goly hasaba alýar.Soňra Kuweýtiň futbol federasiýasynyň başlygy Şeýh El-Sabah meýdança girip, futbolçylaryny oýundan çekjekdigini aýdýar.Soňlugy bilen, emin goly hasaplamaýar.Netijede, Fransiýa 4-1 ýeňiş gazanýar. Çehoslowakiýa bilenem 1-1 deňme-deň oýnan fransuzlar ýaryşy dowam edýär.

5-nji toparçada Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy ilkinji 2 oýnuny deňlikde geçirse-de, 3-nji duşuşygynda ýer eýesi ispanlardan 1-0 hasabynda üstün çykyp, hemmeleri geň galdyrýar hem-de 1-nji ýeri eýeleýär. Gonduras bilen 1 utugy paýlaşan Ispaniýa Ýugoslawiýany 21 hasabynda ýeňip, 2-nji basgançakdan ýaryşy dowam etdirýär.

6-njy toparçada Braziliýa 6 utuk toplaýar.Sambaçylar ozalky Soýuzyň ýygyndysyny 21 (Sokrates 75, Eder 87 Bal 34), Şotlandiýadyr Täze Zelandiýanyň ikisini-de 40 hasaplar bilen ýeňýär.

Duşuşyklarda Ziko 3, Falkao 2 topy öz adyna ýazdyrýar.Täze Zelandiýanyň Gawrilow, Blohin hem-de Baltaçanyň gollary esasynda 3-0 ýeňen SSSR-iň ýygyndysy Şotlandiýa bilen 2-2 deňme-deň oýnap, 2-nji tapgyra çykýar.

Duşuşykda SSSR-iň gollaryny gruzin futbolçylar Çiwadze bilen Şengeliýa geçirýär.

Ikinji tapgyrda 12 ýygyndy 3 toparly 4 toparça paýlanýar. “A” toparçada Belgiýany 30 ýeňip, SSSR bilenem golsuz deňme-deň oýnan Polşanyň ýygyndysy soňky 3 çempionatda 2-nji gezek ýarym finala adyny ýazdyrýar. “B” toparçada Angliýa bilen golsuz deňme-deň oýnan Günbatar Germaniýa ýer eýesi Ispaniýany 21 hasabynda utýar (Littbarski 50, Fişer 75 Zamora 82) ýaryşy dowam edýär.

Angliýa Ispaniýa bilenem geçiren duşuşygynda hasap açylmaýar we olaryň ikisi üçin çempionat tamamlanýar. “C” toparçada Günorta Amerikanyň 2 güýçli wekili bilen duşuşan Italiýanyň ýygyndysy olaryň ikisinden hem üstün çykýar.

Soňky çempion Argentinany Tardelli we Kabrininiň gollary bilen 2-1 ýeňýär.Braziliýany-da Sokrates we Falkaonyň gollaryna garşylyk Paolo Rossiniň het-trigi bilen 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýarym finala çykýar.

Argentina bilen Braziliýanyň arasyndaky oýunda-da sambaçylar 3-1 utýar.Duşuşygyň ahyrlarynda Maradona gyzyl kart alýar. “D” toparçada Fransiýa 2 garşydaşyndan hem üstün çykýar. Ýagny Awstriýany Bernar Žengininiň (39) ýeke-täk goly bilen 1-0, D.

Irlandiýany-da Alan Žiress hem-de Dominik Roşetanyň gollary esasynda 41 ýeňip, ýarym finala çykýar.

Ýarym finalda Italiýany ýarym finala çykaran oýunçy Paolo Rossi bolup, ol 22-nji we 73-nji minutlarda Polşanyň derwezesinden 2 gol geçirýär.Günbatar Germaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky duşuşyk örän çekeleşikli bolýar.

Oýnuň esasy wagty 11 gutarýar.Goşmaça wagtda-da toparlaryň hersi ýene-de 2 gol geçirip, (3-3, Littbarski 17, Rummenigge 102, Fişer 108 Platini 26 p, Trezor 92, Žiress 98), ýeňijini Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek penalti urgulary kesgitleýär. Şol urgulary has dürs ýerine ýetiren nemesler 4-nji sapar finalda çykyş etmäge hukuk gazanýar (5-4).

Finaldan 1 gün öň 3-nji ýer üçin oýnalan oýunda Polşa bilen Fransiýa duşuşýar. 3-2 hasabynda tamamlanan duşuşykda ýeňiş gazanan Polşanyň ýygyndysy 1974-nji ýyldaky ýaly ýene bir ýola bürünç medala mynasyp bolýar (Şarmah 40, Maýewski 44, Kupsewiç 46 Žirar 13, Kuril).

11-nji iýulda Madriddäki “Santiago Bernabeu” stadionyndaky finalda Italiýa bilen Günbatar Germaniýa duşuşýar.Braziliýaly Arnaldo Koelýonyň jürlewük çalan oýnuna 90000 janköýer tomaşa edýär.Ilkinji gezek Dünýä Kubogynyň finalynda ilkinji gezek günorta amerikaly biri emin jürlewük çalýar.

Oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmaýar. 24-nji minutda italiýaly Kabrini penaltini dürs urup bilmeýär (Dünýä Kubogynyň finalynda dürs geçirilmedik ilkinji penalti urgusy bolýar) Duşuşygyň 57-nji minutynda Paolo Rossi italýanlary 1-0 öňe saýlaýar. 69-njy minutda Marko Tardelli, 81-nji minutda-da Alessandro Altobelli hasaby 3-0-a ýetirýär.

Nemeslerden Pol Braýtneriň 83-nji minutdaky goly olara ýeňiş üçin ýeterlik bolmaýar. Şeýlelikde, Italiýa 44 ýyldan soň, 3-nji gezek Dünýä Kubogynyň eýesi bolýar (1934, 1938, 1982).Olar brazillerden soň 3 gezek çempion bolan 2-nji topar hökmünde taryha girýär.

GEÇIRILEN DUŞUŞYKLAR:

1-NJI TAPGYR: 1-nji toparça: Italiýa Polşa: 0-0, Peru Kamerun: 0-0, Italiýa Peru: 1-1, Polşa Kamerun: 0-0, Polşa Peru: 5-1, Italiýa Kamerun: 1-1; 2-nji toparça: G.

Germaniýa Alžir: 1-2, Çili-Awstriýa: 0-1, G.Germaniýa Çili: 4-1, Alžir Awstriýa: 0-2, Alžir- Çili: 3-2, G.Germaniýa Awstriýa: 1-0; 3-nji toparça: Argentina Belgiýa: 0-1, Wengriýa Salwador: 10-1, Argentina Wengriýa: 4-1, Belgiýa Salwador: 1-0, Belgiýa Wengriýa: 1-1, Argentina Salwador: 2-0; 4-nji toparça: Angliýa- Fransiýa: 3-1, Çehoslowakiýa Kuweýt: 1-1, Angliýa Çehoslowakiýa: 2-0, Fransiýa Kuweýt: 4-1, Fransiýa Çehoslowakiýa: 1-1, Angliýa Kuweýt: 1-0; 5-nji toparça: Ispaniýa Gonduras: 1-1, Ýugoslawiýa D.

Irlandiýa: 0-0, Ispaniýa Ýugoslawiýa: 2-1, Gonduras D.Irlandiýa: 1-1, Gonduras Ýugoslawiýa: 0-1, Ispaniýa- D.Irlandiýa: 0-1; 6-njy toparça: Braziliýa SSSR: 2-1, Şotlandiýa Täze Zelandiýa: 5-2, Braziliýa Şotlandiýa: 4-1, SSSR Täze Zelandiýa: 3-0, SSSR Şotlandiýa: 2-2, Braziliýa Täze Zelandiýa: 4-0

2-NJI TAPGYR: “A” toparça: Polşa Belgiýa: 3-0, Belgiýa SSSR: 0-1, SSSR Polşa: 0-0; “B” toparça: G.Germaniýa Angliýa: 0-0, G.

Germaniýa Ispaniýa: 2-1, Ispaniýa Angliýa: 0-0; “C” toparça: Italiýa Argentina: 2-1, Argentina Braziliýa: 1-3, Italiýa Braziliýa: 3-2; “D” toparça: Awstriýa Fransiýa: 0-1, Awstriýa D.

Irlandiýa: 2-2, Fransiýa D.Irlandiýa: 4-1.

Ýarym final: Polşa Italiýa: 0-2, G. Germaniýa Fransiýa: 3-3 (g.w.) 5-4 (p)

3-nji ýer üçin: Polşa Fransiýa: 3-2

Final: Italiýa G. Germaniýa: 3-1

GYZYKLY MAGLUMATLAR

* Alžir, Kamerun, Kuweýt, Gonduras, Täze Zelandiýa ilkinji gezek gatnaşýar.

* Oýunlar 14 şäherdäki 17 stadionda oýnalýar.

* Dünýä Kubogyna ilkinji sapar 24 topar gatnaşyp, 1994-nji ýyla çenli şeýle dowam edýär.

* Çempionatyň resmi maskoty “Naranžito” diýlip atlandyrylýar.

* Çempionatda “Adidasyň” “Tango Espana” atly toplary ulanylýar.

* Bu çempionatda çempion bolan Italiýa 1-nji tapgyrdaky ähli oýnuny-da deňlikde tamamlady.

* Çempionatyň iň köp gol geçiren topary Fransiýanyň 16 goluny 10 futbolçy tora girizip, bu ugurda rekord goýulýar.

* 1978-nji ýylda girizilen 11 metrlik jerime urgulary Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek ýeňijini kesgitleýär. Ýarym finalda Germaniýa-Fransiýadan üstün çykýar.

* Çempionatda 6 gezek tapawutlanyp, ýaryşyň iň köp gol geçiren oýunçysy bolan Paolo Rossi şol gollaryň ählisini-de soňky 3 duşuşykda tora girizýär.

* Ýarym finala çykan ýygyndylaryň ählisi-de Ýewropadan bolup, şeýle ýagdaý 1934-nji we 1966-njy ýyllardan soň 3-nji gezek gaýtalanýar.

* Paolo Rossi, Altobelli, Tardelli, Kabrini, Dino Zoff, Sokates, Ziko, Falkao, Boniek, Rummenigge, Litbarski, Platini, Braýn Robson, Passarella ýaly futbolçylar çempionatyň şowly çykyş eden oýunçylary bolýar.

* Çempionatyň iň ökde oýunçysyna, ilkinji gezek “Altyn top” baýragy berilýär.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Älem gözeli bäsleşiginde nikaragualy gyz ýeňiji boldy
“Latyn Amerika Ýurtlary Bilen Edilýän Gatnaşyklara Uly Ähmiýet Berýäris”
“Bitcoin” töleg serişdesi kabul edildi
Türkmenistan türmelerdäki tussaglaryň sany boýunça ýene öňe saýlandy