Barselona diňe El Klasikoda çykyş etjek ýörite sport eşigini tanyşdyrdy

Barselona diňe El Klasikoda çykyş etjek ýörite sport eşigini tanyşdyrdy

Ispaniýanyň “Barselonasynyň” öňki kapitany Karles Puýol toparyň bäşinji eşik toplumyny tanyşdyrdy. Täze formada Kataloniýanyň baýdagynyň reňkleri bar. Bu barada toparyň resmi Twitterine salgylanyp, sportrbc.ru ýetirýär.

Özboluşly forma toplumy “El Klasiko” diýlip atlandyrylýan Madridiň “Realy” bilen boljak duşuşyk üçin döredildi. Futbol lybasynda “Barselona” klubynyň adaty gök we gyrmyzy reňkleri, şeýle-de Kataloniýanyň baýdagynyň gyzyl-sary reňkleri öz beýanyny tapýar. Ýatlatsak, ýakyndaky “El Klasiko” 2021-nji ýylyň 11-nji aprelinde “Santýago Bernabeu” stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Katarda “El Klasiko” duşuşygy geçiriler
Dünýäniň iň uly 10 derbi duşuşygy
255-nji resmi “El Klasiko”
Bellingam bar bolsa…
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“Barselona” rekordyna “Realyň” şärik bolmagyna ygtyýar bermedi