Peskow Gazadaky Çaknyşyklara Ynsanpwer Arakesme Berilmelidigini Aýtdy

Peskow Gazadaky Çaknyşyklara Ynsanpwer Arakesme Berilmelidigini Aýtdy

Peskow paýtagt Moskwada Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary hakynda žurnalistlere beýannama berdi.

Ysraýylyň goşunlarynyň “harby operasiýasyny” dowam etdirýandigini aýdan Peskow: “Bu şertlerde çaknyşyklara ynsanperwer arkesmäniň berilmegi we Gazadaky asuda ilatyň ynsanperwer zerurlyklarynyň gidirilmegi iňňän möhüm. Elbetde rus raýatlarynyň Gazadan gaýtma mümkinçiliginiň bolmagy hem biziň üçin möhüm. Diplomatlarymyz bu meselede işleýär. Ýagdaý iňňän dartgynly we gumanitar taýdan betbagtçylyk haşýetinde” diýdi.

Peskow žurnalistlerden biriniň “Russiýanyň Prezidenti Wladimir Puýtiniň sebitdäki ýurtlaryň liderleri ilen gepleşikleri meýilleşdirilýarmi” diýlen soragyna; “Gepleşikler iş tertibinde her gün dowam edýär, iň ýokary derejede duşuşyklar meýilleşdirilmeýär” diýip, jogapberdi.

Çaknyşygyň dowam edýän sebitine ynsanperwer kömegini ugradandyklaryny aýdan Peskow, onuň dowam etjekdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Russiýa Jo Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmegi barada beýannama berdi
Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar
Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy
Kreml: "Kiýewiň gepleşikler bilen bagly beýanatlarynda anyk zat ýok" diýdi
Trump III jahan urşunyň Kurskda başlap biljekdigini öňe sürdi
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi