Russiýa Demirgazyk Koreýa Bilen Howpsuzlyk Pudagynda-da Hyzmatdaşlyk Edýär

Russiýa Demirgazyk Koreýa Bilen Howpsuzlyk Pudagynda-da Hyzmatdaşlyk Edýär

Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň “Rus hökümetiniň Gruziýany dolandyrýandygy” hakyndaky beýannamasy barada durup geçen Peskow; “Gruziýa biziň goňşymyz. Gatnaşylarymyz käbir düşnüşmezlikler bar, emma ol gumanitar gatnaşyklaryň açylmagyna bökdençlik döretmeýär. Adamlar Gruziýadan Russiýa, Russiýadan Gruziýa syýahatlaryny dowam etdirýärler” diýdi.

Gruziýada oktýabryň ahyrynda parlament saýlawynyn geçiriljekdigine ünsi çeken Peskow, gunbatar ýurtlarynyň Gruziýanyň hökümetine gysyş etmek we saýlaw kampaniýasyna goşulyşmak üçin synanşýandygyny beýan edip; “Biz Gruziýanyň içeri işlerine goşulmaýarys, oňa niýetimizem ýok” diýdi.

“Russiýanň Demirgazyk Koreýa bilen gol çeken strategik ýaranlyk ylalaşygyna laýyklykda Koreýa ýarym adasynda uruş turan halatynda Demirgazyk Koreýanyň tarapynda durup durmajakdygy bilen bagly soraga jogap beren Peskow; “Ylalaşykdaky maddalar ýeterlik derejede açyk. Olaryň analizine zerurlyk ýok. Bu ylalaşyk howpsuzlygyň üpjün edilmegi bilen bilelikde ähli ugurlarda strategik hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar” diýdi.

Dmitriý Peskow “Russiýa bilen Eýranyň taýýarlan strategik ýaranlyk ylalaşygy özara harby arkalaşygy öz içine alarmy?” diýlen soraga bolsa; “Taýýarlyklar gutarandan soň resminamanyň mazmunyny öwreneris” diýip, jogap berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň iýun aýynda Demirgazyk Koreýa guran saparynyň çäginde Russiýa bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda giňeldilen strategik ýaranlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekilipdi. Ylalaşygyň taraplardan birine hüjüm edilen halatynda özara harby arkalaşyk etmegi öz içine alýandygy beýan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Dmitriý Peskow Putin-Tramp duşuşygy barada beýanat berdi
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi
Putin: Ukrainadaky urşuň öň liniýasyndaky başlangyç rus güýçlerindedir
Russiýa Türkiýäniň Ukraina düşnüşmezliginiň çözülmegi üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirýär