Putin Makron bilen duşuşmaga taýar

Putin Makron bilen duşuşmaga taýar

RIA habarlar gullugy, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşmaga taýardygy hakyndaky beýannamasyna ünsi çekdi.

Peskow RIA görä, ýekşenbe güni beren beýannamasynda “Taraplaryň arasynda syýasy isleg bar bolsa, biz bu meselä oňyn garaýarys” diýdi.

Makron şu hepde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda Ukraina söweşiniň bes edilmegi üçin Putin bilen aragatnaşyk saklanmagynyň gerekdigine ynanýandygyny aýdypdy.

Fransiýanyň Prezidenti bu başlangyjyň Ýewropalylaryň we Ukrainanyň bähbidi taýdan möhümdigine ünsi çekipdi.

Ukraina söweşiniň başlamagy bilen birlikde Wengriýa we Slowakiýadan daşary ÝB-ne agza ýurtlar Putin bilen aragatnaşygyny bes edipdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen Putin üç ýyl soň iýul aýynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Liderleriň 2 sagat dowam eden telefon söhbetdeşliginde Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleri anna güni çaknyşygyň 4-nji ýylynyň öňüsyrasynda Ukraina 105 milliard dollarlyk karzyň berilmegi boýunça ylalaşyk gazandy. Emma saklanan Russiýa degişli emlaklaryň Ukraina berilmegi meselesinde bolsa ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi
Eýranyň prezidenti Ysraýyla duýduryş berdi
Pezeşkian Makron Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Durowyň saklanmagy balkanlylaryň arasynda açyk pikir alyşmalary döretdi
Türkmenistanda VPN ussalary Durowyň tussaglygyndan soň gazanjyny ýitirmekden howatyrlanýar
“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”