Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Azerbaýjanda fransuz raýaty "içalylyk" aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Russiýanyň döwlet habar agentligi RIA-nyň habaryna görä, Azerbaýjanda kazyýetleriň biri duşenbe güni Fransiýanyň raýaty Martin Raýany Parižiň peýdasyna içalylyk etmekde günäkärläp, 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

2023-nji ýylyň dekabrynda tussag edilen Raýanyň Azerbaýjanyň Türkiye we Pakistan bilen harby hyzmatdaşlygy barada gizlin maglumatlary toplandygy öňe sürülýär.

Baku şeýle hem Raýanyň fransuz dilinde gepleýän azerbaýjan raýatlaryny fransuz aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin işe almaga synanyşandygyny öňe sürdi.

Raýan özüne garşy bildirilýän aýyplamalary bölekleýin boýun aldy.

Şu aýyň başynda Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Aliýewiň edarasynyň beýanatyna görä, söhbetdeşlik ikitaraplaýyn gatnaşyklary täzeden janlandyrmaga we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Aliýew oktýabr aýynda Kopengagende Makron bilen geçiren duşuşygyndan soň "iki ýurduň arasyndaky geçmişdäki düşünişmezlikleriň çözülendigini" aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Microsoft koronawirus sebäpli işgärleriň ofislere gaýdyp barmagyny yza süýşürýär
Raýan Reýnolds döredijilik arakesmesini yglan etdi
Barselonanyň ýarymgoragçysy Pedri Golden Boy baýragyna eýe boldy
BSGG: omikrondan pida bolýan ýok
Loki People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleserial diýlip saýlandy
Forbes iň baý Youtube-blogerlerini belli etdi