Loki People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleserial diýlip saýlandy

Loki People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleserial diýlip saýlandy

Marvel-iň “Loki” serialy People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleýaýlym taslamasy diýlip ykrar edildi. Ýeňijileriň sanawy film baýraklarynyň web sahypasynda çap edildi. Bu barada kulturomania.ru habar berdi.

Ýylyň iň gowy drama serialy diýlip "Duýgynyň anatomiýasy", iň gowy komediýa serialy diýlip bolsa "Men hiç haçan..." seriallary ykrar edildi.Tom Hiddleston “Loki” teleserialyndaky roly üçin iň gowy aktýoryň baýragyny aldy.

Aktýorlar Dueýn Jonson we Skarlett Ýohansson hem baýraga mynasyp boldular. Ýylyň filmi "Gara dul", ýylyň iň gowy komediýa filmi bolsa Raýan Reýnoldsly “Baş gahryman” filmi boldy.Iň oňat drama diýlip, Emma Stounly “Kruella” saýlandy. “Şang-Çi we on halka rowaýaty” iň oňat ekşn-film diýlip ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

Täze film
Marvel kazyýetiň üsti bilen “Ar alyjylaryň” gahrymanlaryna hukuk almak isleýär
Disney Skarlett Ýohanssony Gara dul filmi üçin Oskar baýragyna hödürleýär
Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy
Myrat Mollaýewiň filmi halkara baýragyna mynasyp boldy, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik awtobuslarynda bank kartlary bilen töleg geçirmek mümkinçiligi girizildi, türkmen türgenleri Rumyniýada erkin göreş boýunça baýrakly orunlary eýelediler we beýleki hab
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny