Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Prezident Erdogan: Muňa ynanmazlar, öýke etmesinler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Wenesuelanyň döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda “Türkiýäniň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy boýunça çemeleşmesi” bilen bagly soraga “Gresiýa we Fransiýa bilen başdan geçirilenleri indi bular bilen gaýtalamak islemeýäris” diýip jogap berendigini ýazýar.

Häzirki wagtda Gresiýada 9 Amerikan harby bazasynyň bardygyny nygtan Erdogan; “Bulary kime garşy açdyňyz, diýip soranymyzda “Russiýa” diýýärler.Muňa ynanmazlar. Öýke etmesinler” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly: Gara deňizde galla geçelgesi meýilnamasy iş ýüzüne geçirilmeli” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Gara deňizde galla geçelgesini açmak hakynda “BMG-niň Türkiýäniň, Ukrainanyň we Russiýanyň arasyndaky mehanizm boýunça maskatnamasyny ýerlikli we hakykata laýyk diýip kabul edýäris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniň täze üstünligi” söz başyly habarynda, Koronawirusyň sanjymy “BioNTechiň” esaslandyryjylary Ugur Şahin bilen Özlem Türejiniň indi rak keseline umyt bolandyklaryny ýazýar. “BioNTechiň” hünärmenleri Kowid-19 sanjymynda peýdalanylan tehnologiýa arkaly pankratit ragynyň bejergisi boýuça täze bir açyş edendillerini mälim edýär. Geçirilen barlaglara halkara derejesinde öwgüli sözler beýan edilýär.

“Haber Türk” gazeti “OECD Türkiýe boýunça ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň 2022-nji ýyl üçin global ösüş çaklamasyny 4,5 göterimden 3 göterime düşüren bolsa, Türkiýäniň ykdysadyýeti boýunça çaklamasyny 3,3 göterimden 3,7 göterime ýokarlandyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Stambul howa menziline goşa sylag” söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Global Traweler” žurnaly tarapyndan berilen “2022 Leisur Lifestaýl Awards” baýraklarynda “Iň amatly tranzit howa menzili” we “Iň gowy maşgala dosty halkara howa menzili” baýraklaryna laýyk görülendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Şekilleriň GIF ölçegini dörediji Uilhaýt aradan çykdy
Çawuşogly: "Dörttaraplaýyn topar iň gysga wagtda maslahat geçirer" diýdi
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjüm barada beýannama berdi