Täze film

Ady: Gara dul (Black Widow)

Režissýory: Keýt Şortland

Keşplerde: Skarlett Ýohansson, Florens Pýu, Dewid Harbor, O-T Fagbenli, Olga Kurylenko, William Hört Reý Winston, Reýçel Wais

Prodýuseri: Kewin Faýgi

Ssenariçi: Erik Pirson (Marvel Comics-iň çyzgy eserleri esasynda)

Kompozitory: Lorn Belf

Öndüriji: Marvel Studios

Paýlaýjy: Walt Disney Studios Motion Pictures

Dowamlylygy: 134 minut

Görnüşi: uruşly, ylmy-fantastik, superhero

Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 200 million dollar

Häzirki wagtda kino sungatynyň iň uly öndürijileriniň biri bolan Marvel-iň ýene bir gahrymanynyň, has takygy, zenan gahrymanynyň aýratynlykdaky filmi Gara dul ahyry ekranlara çykdy.Aslynda geçen ýylyň ýazynda görkezilmeli film pandemiýa sebäpli bir ýyl soňa süýşürilmeli bolupdy.

Lore, Berlin Syndrome ýaly kinolary bilen adygan awstraliýaly zenan režissýor Keýt Şortlandyň bu filminde baş keşpleri Skarlett Ýohansson, Florens Pýu, Dewid Harbor, Reýçel Waýs ýaly artistler janlandyrýar. 134 minutlap dowam edýän film üçin 200 million dollarlyk çykdajy edildi.

Norwegiýa, Angliýa, ABŞ, Wengriýa, Marokko döwletlerinde surata düşürilen film häzirki wagtda 160 million dollardan gowrak girdeji gazandy.Häzirlikçe diňe Demirgazyk Amerikanyň çäklerindäki kinoteatrlarda hem-de Disney+ platformalarynda görkezilýän film 29-njy iýuldan başlap dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hem kinoeatrlaryndan görkezilip ugrar.

Filmiň girdejisiniň 700 million dollardan geçmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Disney Skarlett Ýohanssony Gara dul filmi üçin Oskar baýragyna hödürleýär
Hepdäniň täze animasiýalary
Marvel kazyýetiň üsti bilen “Ar alyjylaryň” gahrymanlaryna hukuk almak isleýär
“Marvel” 2021-nji ýylda ekranlara çykarjak filmdir seriallaryny mälim etdi
Loki People Choice Awards 2021 tarapyndan iň gowy teleserial diýlip saýlandy
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary