Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy

Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy

ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama “Oskaryň” telewizion analogy bolan “Emmi” baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Amerikan milli telewizion akademiýasynyň habarynda aýdylýar diýip, forbes.kz belleýär.

Obama baýragy Netflix akym wideoserwisinde çykan “Biziň beýik milli seýilgählerimiz” serialynda “Täsinlikler dünýäsi” epizody üçin “görnükli gürrüňçi” hökmünde aldy.Obama bu epizodda kadr aňyrsyndaky ses boldy.Obamanyň baýrak üçin bäsdeşleri şol sanda aktrisa Lýupita Niongo, telealypbaryjy Dewid Attenboro, ssenariýaçy we prodýuser Karim Abdul-Jabbar we komik Uolter Kamau Bell boldy. “Gahrymany ýokary hilli seslendirendigi” üçin baýraga aktýor Çedwik Bouzman aradan çykandan soň eýe boldy.

Ol Marvel kino äleminde super gahryman Gara panteranyň keşbini ýerine ýetirdi, baýragy bolsa Disney+ akym serwisinde çykýan “A, eger bolsa...?” (“What If...?) multserialynyň üstünde işländigi üçin aldy.Bouzman iki ýyl töweregi mundan öň, 2020-nji ýylyň awgust aýynda ýogyn içegäniň rak keselinden aradan çykdy.

Ol 43 ýaşyndady.

Ýene degişli makalalar

Marvel Gara panteranyň dowamynyň jemleýji treýlerini görkezdi
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
TÝL - 2021: "Şagadamy" ýeňen "Altyn asyr" "Ahal" bilen aralygy 5 utuga çenli açdy
Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Gresiýanyň golaýynda ýanýan ulugämide 11 adam dereksiz ýitdi
Ysraýylda Toyota Prius we Hyundai Ionic ulaglarynyň satuwy bes edildi