Gresiýanyň golaýynda ýanýan ulugämide 11 adam dereksiz ýitdi

Gresiýanyň golaýynda ýanýan ulugämide 11 adam dereksiz ýitdi

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň habaryna görä, Gresiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýangyna uçran Euroferry Olympia ulugämisinde 11 adamyň dereksiz ýitendigi bellige alyndy.

Gresiýanyň kenar goragy gullugy Euroferry Olympia ulugämisinde 239 ýolagçynyň we ekipažyň 51 agzasynyň bolandygyny habar berýär. Ioniki deňzindäki adalaryň gubernatory Rodi Krasa-Sagaropulunyň aýtmagyna görä, ýolagçylaryň agramly bölegi Italiýanyň raýatlary, ekipažyň agzalary bolsa greklerdir italiýalylar eken.

Ulugämide ýangynyň döremeginiň sebäbi heniz hem nämälimligine galýar, gäminiň diňe Igumenisa grek şäheriniň portundan çykan badyna ýanyp başlandygy bellidir.

Ýene degişli makalalar

EURO 2020 -niň SAÝLAMA TAPGYRY
11.09.2019 | Rumyniýanyň paýtagtynda ýurdumyzyň medeniýeti we taryhy bilen tanyşdyrýan sergi açyldy
Skripkaçy, altçy we pianinoçy zenan konsert bermegi niýet etdiler...
Sportuň taryhynda şu gün 21-nji oktýabr
“Altyn Asyr” bassyr ýedinji çempionlygyny gazandy
Moldowanyň Premýer-ministri Ion Çiku Hökümet baştutany wezipesinden aýrylýandygyny yglan etdi
Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy