Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy

Bilýärdiňizmi? Türkmenistanyň futbol çempionatynda bir toparda iň uzak wagtlap saklanan 7 futbolçy

Bedenterbiýe we sport halkara žurnalynyň 7/24 hepdelik goşundysynda Türkkmenistanyň futbol çempionatynda häzirki wagtda çykyş edýän futbolçylaryň arasynda toparyna iň wepaly 7 oýunçynyň sanawy düzüldi.

Sanawyň birinji ornunda Şagadamyň 29 ýaşly ýarym goragçysy Hydyr Ýakubow goýulýar. Neşiriň habar berşi ýaly, ol kenarýaka toparda 2008-nji ýyldan bäri yzygiderli çykyş edip gelýär.

Ikinji orunda Aşgabadyň goragçysy Atageldi Geldiýew goýlupdyr. 28 ýaşly futbolçy hem 2008-nji ýyldan bäri hiç bir topara geçmän, Aşgabadyň üstünlikleri üçin göreşip gelýär.

Sanawyň ilkinji üçlügini ýene-de Şagadamdan 26 ýaşly goragçy Ionel Kosofana jemleýär. Neşiriň toparyň hünärmeni Kiçigul Kiçigulowyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, onuň Şagadamda çykyş edip ýörenine şu ýyl 9 ýyl bolýar.

Bu sanawyň aşakdaky orunlary şeýle:

4. Arslan ÝUSUBOW, 2013-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

Kluby: Merw.

Meýdandaky orny: ýarym goragçy.

Doglan wagty: 29.07.1991.

Futbol köýnekçesindäki belgisi: 8.

5. Toýly GOÇNAZAROW, 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

Kluby: Merw.

Meýdandaky orny: hüjümçi.

Doglan wagty: 13.10.1991.

Futbol köýnekçesindäki belgisi: 77.

6. Öwezmyrat ÖWEZMYRADOW, 2014-nji ýyldan bäri çykyş edýär.

Kluby: Ahal.

Meýdandaky orny: derwezeçi.

Doglan wagty: 15.09.1993.

Futbol köýnekçesindäki belgisi: 16.

7. Akmämmet METDÄÝEW, 2016-njy ýyldan bäri çykyş edýär.

Kluby: Nebitçi.

Meýdandaky orny: hüjümçi.

Doglan wagty: 23.07.1998.

Futbol köýnekçesindäki belgisi: 9.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Tokio-2020: türkmen Olimpiýaçylary bilen ýakyndan tanyşmak isleýärsiňizmi?
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri...
Enе möjеk ýa-da gara çägäniň jadysy (Dowamy). Dynç günüň edebi sahypasy
Instagram ulanyjylary doglan senesini görkezmäge borçly bolarlar