Prezident R. T. Erdogan, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowy doglan güni bilen gutlady.
Prezidentiň Metbugat merkezinden berlen ýazmaça beýannama görä, Erdoganyň Japarowy 53 ýaşy bilen gutlandygy nygtaldy.
Erdogan kärdeşi Japarowa uradan gutlag ýüzlenmesinde, gyrgyz liderine saglyk we bagtyýarlyk, Gyrgyzystanyň dost we doganlyk halkyna hem asudalyk arzuw etdi.
Prezident Erdogan “Gyrgyzystan bilen strategik gatnaşyklarymyzy ähli taraplaýyn ösdürmäge dowam ederis” diýdi.
Erdogan, 28-nji noýabrda asuda ýagdaýda geçirlen umumy saýlawlar mynasibetli Prezident Japarowy we gyrgyz halkyny ýene-de bir gezek gutlady.
Gyrgyzystanyň demirgazygynda Yssyk Köl welaýatynyň Tüp etrabynyň Ken-Suu obasynda 1968-nji ýylyň 6-njy dekabrynda doglan Japarow, üstümizdäki ýylyň başynda Gyrgyz Respublikasynyň prezidentligine saýlanypdy.
