Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar

Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri Russiýada sebitleýin sammite gatnaşýarlar

Ýewraziýa ýurtlarynyň liderleri esasy sebitleýin iki günüň dowamynda Russiýanyň Sankt Peterburg şäherinde dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar we özaara duşuşyklar geçirerler.

Şenbe güni Kremlden berilen beýannamada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşiginiň başdan geçirýän meselelerine garaljak Ýewraziýanyň Ýokary Ykdysady Geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin ýeşenbe güni Sankt Peterburga barjakdygy habar berildi. Beýannamada şeýle hem: “Esasanda Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi bilen İndoneziýa Respublikasynyň arasynda erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagyna garaşylýar” diýildi.

Putin duşenbe güni bolsa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň liderleriniň nobatdaky resmi däl duşuşygyna gatnaşar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow we Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen bilelikde beýleki käbir sebit ýurtlarynyň liderleri Russiýa bardylar. Maslahata Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Ermenistanyň Prezidenti Nikol Paşinýanyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Russiýanyň döwlet habarlar gullugy “Ria Nowostiniň” Kremliň metbugat Sekretary Dmitri Peskowa salgylanyp beren habaryna görä Putin GDA-nyň resmi däl sammitiniň dowamynda Paşinýan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen ikiçäk duşuşyklar geçirer. Azerbaýjan Aliýewiň maslahata gatnaşygyny resmi taýdan tassyklamady.

Ozalky Sowet Respulibkalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy Sowet Soýuzynyň dargatmagyndan soň ykdysady, syýasy we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin 1991-nji ýylda döredilipdi.

Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasý, Moldowa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan arkakaşygyň doly agzasy. Türkmenistan bolsa hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar. Moldowa 2022-nji ýylda GDA-nyň maslahatlaryna gatnaşmagy bes edipdi.

Ýewraziýa ykdysady bileleşigi 2014-nji ýylda gol çekişilen we 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda güýje giren ylalaşygyň esasynda döredilipdi. Bileleşige Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy we Russiýa agzadyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Ermenistan Rus Serhetçilerini Ýurtdan Çykarar
Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin sişenbe güni ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul eder
Russiýa Türkiýä minnetdarlyk bildirdi