Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar

Türki döwletleriň Arap ýurtlary bilen edýän gatnaşyklary gün saýyn pugtalanýar. Geçen hepde Gazagystanyň we Gyrgyz Respublikasynyň prezidentleri Arap ýurtlaryna sapar gurady.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 12-14-i aralygynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny gurady.Prezident Sadyr Japarow saparynyň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministri Raşid Al Maktum, Eneretika we infstruktura ministri Süheýl Al Mazrui bilen duşuşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Dubaý şäherinde geçirlen Bütindünýä 10-njy hökümetara sammite gatnaşyp çykyş etdi.Prezident Japarow Dubaý Yslam bankynyň, Abu Dabi Galkynyş forumynyň ýolbaşçylary we işewür adamlary bilen duşuşyklar geçirdi.

Gazagystanyň Prezdidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2024-nji ýylyň fewral aýynyň 14-de Katara döwlet saparyny gurady.Prezident Tokaýew Dohada resmi dabara bilen garşylandy.Gazagystanyň Prezdidenti Kasym-Žomart Tokaýew Kataryň Emiri Tamim bin Hamad Al Sani we Premýer-ministri Muhammed bin Abdulrahman al Sani bilen duşuşdy.

Geçirlen duşuşyklardan soň iki ýurduň arasynda 9 şertnama baglaşyldy.Prezident Tokaýew katarly işewürler bilen aýry-aýry duşuşyk geçirdi.

Soňky ýyllarda Türki döwletler bilen Arap ýurtlarynyň arasynda ýokary derejeli saparlar guralýar. Fewral aýynyň başynda Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak Katarda saparda boldy.

Beýleki tarapdan Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak çagalara zulum edendigi sebäpli azatlykdan mahrum edilen tussaglynyň günäsini geçmek bilen uly ýalňyşlyk edendigi sebäpli Katara guran saparyndan soň wezipesinden çekildi. Wengiýanyň Mejlisi 30 günüň dowamynda täze prezidentini saýlar.

2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Ilham Aliýew 2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda Azerbaýjanyň Milli mejlisinde kasam edip wezipesine başlady.Prezident Aliýew Milli Mejlisde eden çykyşynda Türki döwletleriň arasyndaky jebislige ünsi çekdi.

Ilham Aliýew “Ilkinji nobatda Türki döwletleriň guramasynyň çäginde durmuşa geçirýän işlerimizi dowam etdireris.Türkiýe döwletleriň guramasyna uly ähmiýet berýäris.Türki döwletleriň guramasy biziň üçin halkara derejesindäki esasy guramalardan biri, sebäbi ol biziň maşgalamyz.

Biziň başga maşgalamyz ýok.Türki dünýä biziň maşgalamyz.Türki döwletleriň guramasynyň halkara derejesinde täsiriniň güýçlenmegi üçin uly tagalla edilmeli”diýdi.

Prezident Aliýewiň Türki döwletler hakyndaky sözleri, Türki döwletleriň arasyndaky bitewiligiň we jebisligiň halkara derejesinde nähili möhümdigini görkezýär.

Garabag meselesiniň çözülmeginden soň Azerbaýjanyň taryhynda täze sahypa açyldy. Azerbaýjan basyp alyşlykdan halas edilen sebitleriniň gaýtadan dikeldilmegi üçin, Prezident Aliýewiň hem nygtaýşy ýaly Türki dünýäniň halkara derejesinde täsiriniň güýçlenmegi üçin tagalla eder.

Ýene degişli makalalar

Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Erdogan Bilen Japarow Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar