Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar

Geçen hede türki döwletleriň arasynda birnäçe saparlar guraldy. Geliň olara gysgaça ser salalyň.

2024-nji ýylyň 19-njy fewralynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gaýtadan prezidentlige saýlanmagyndan soň ilkinji resmi saparyny Türkiýä gurady.Ankarada dabara bilen garşy alynan Prezident Aliýew, Türkiýäniň döwlet Ýolbaşçysy R.T.Erdogan bilen özara we toparlara duşuşyklar geçirdi.

Duşuşykdan soň iki ýurduň arasynda 3 ylalaşyga gol çekildi. Şol ylalaşyklaryň arasynda Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetiniň açylmagy hakyndaky ylalaşyk hem bar. Ýylyň ahyrynda Bakuw şäherinde açyljak uniwersitet türk we iňlis dillerinde bilim berer.

Prezident Ilham Aliýew Ankarada beren beýannamasynda Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň şu ýyl Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň Sammitine gatnaşjakdygyny mälim etdi. DKTR-ny ozal diňe Türkiýe goldaýan bolsa, indi Azerbaýjan we beýleki türki döwletler hem resmi Lefkoşany goldaýar.

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda TÜRKSOÝ-yň merkezi binasynda Rauf Denktaşyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli hatyralama çäresi geçirildi. Hatyralama çaresine DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz we beýleki ýolbaşçylar gatnaşdy. Maslahatda DKTR-nyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaşyň sungat işgäri, ýazyjylyk we şahyrlyk ýaly taraplary gatnaşyjylara tanyşdyryldy.

DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Täze Azerbaýjan partiýasynyň çakylygyna laýyklykda 20-nji fewralda Azerbaýjana sapar etdi. Premýer-ministr Üstel Bakuwda Täze Azerbaýjan partiýasynyň başlygynyň orunbasary Tahyr Budagow bilen duşuşdy.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş 22-nji fewralda Bakuwa sapar edip, Aziýanyň Parlamanet Assambleýasynyň 14-nji Sessiýasyna gatnaşdy. Sessiýada Aziýanyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçylygy Türkiýeden Azerbaýjana geçdi. Saparyň çäginde Türkiýäniň Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşyklar geçirdi.

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Gazan şäherinde Geljegiň oýunlary atly 1-nji Halkara sport turniriniň açylyş dabarasy geçirildi.Sport turniriniň açylyş dabarasyna Belarusyň, Gazagystanyň, Gygyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdylar.

Geljegiň oýunlaryna 107 ýurtdan 2 müňden gowrak türgen gatnaşýar.Russiýanyň Prezidneti Wladimir Putin we Tataristanyň Reisi Rustam Minnihanow myhman prezidentler bilen Gazan şäherinde özara duşuşyklar geçirdi.Minnihanow Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarowa Dostluk nyşany ordenini gowşurdy.

Sanksiýalara mejbur edilen Russiýa üçin şeýle çäreler onuň ýalňyz däldigini görkezmek taýdan möhüm ähmiýete eýe.Geljegiň oýunlary 3-nji marta çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Bilen Gyrgyzstan 62 Maddalyk Iş Meýilnamasyna Gol Çekişdi
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
TÜRKSOÝ Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere badalga berdi
TÜRKSOÝ Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere badalga berdi
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar