Instagram ulanyjylary doglan senesini görkezmäge borçly bolarlar

Instagram ulanyjylary doglan senesini görkezmäge borçly bolarlar

Şahsy maglumatlar bölüminde heniz doglan senesini görkezmedik ulanyjylara Instagrama girmek gadagan ediler. Bu barada sosial ulgamynyň eýesi bolan Facebook kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär diýip, www.pnp.ru belleýär.

Bu maglumatyň ýaş ulanyjylary goramak üçin zerur bolan täze funksiýalary işläp düzmek üçin möhümdigi bellenilýär.

Doglan senesini heniz görkezmedik ulanyjylara her gezek sosial ulgam programmasyny açanlarynda talap geler. Mundan başga-da, bildiriş gowşak häsiýetli mazmuny bolan publikasiýalary görjek bolanyňda peýda bolar. Eger bölüm wagtynda doldurylmasa, ulanyjy üçin sosial ulgamyna elýeterlilik çäklendiriler.

Şeýle-de, administrasiýa ulanyjy tarapyndan girizilen maglumatlaryň dogrulygyny kesgitlemek üçin emeli intellekti ulanmagy meýilleşdirýär. Aýratynam, programma doglan gün gutlaglaryny bellige alar. Şeýle funksiýanyň işlenip düzülmegi heniz irki tapgyryndadyr.

Ýene degişli makalalar

16 ýaşdan kiçilere jemgyýetçilik tory gadagdan edildi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri
Zelenskiý aňtaw üçin Telegramy ulanandyklaryny aýtdy we "Maksy" nyşana aljakdyklary barada söz berdi
VPN hyzmatlaryny açyk hödürleýän SMS bildirişleri ulanyjylary howatyr edýär
Köneürgençde häkimiýetleriň VPN ulanýan aýal-gyzlara garşy göreşi güýçlendi
Lebaply telekeçiler we ussalar MHM-niň VPN ulgamlaryny we serwerlerini satmaga mejbur edilýär
Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi