Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri

Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri

Sanly ulgamyň ösmegi dünýäde bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň hem girdejilerini artdyrýar. Microsoft, Meta we IBM ýaly iri kompaniýalar geçen ýylyň soňky çärýegine degişli girdejileri barada maglumat ýaýratdy.

Programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan Microsoft-yň girdejisi agzalýan döwürde 17 göterim artyp, 81,3 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Kompaniýanyň arassa peýdasy 60 göterim artyp, 38,5 milliard dollara ýetipdir. Brendiň her bir paýnamasy 3,23 dollardan 5,16 dollara çykypdyr.

Facebook, Instagram we WhatsApp platformalaryna eýeçilik edýän Meta geçen ýylyň soňky çärýeginde girdejisini 24 göterim artdyryp, 59,9 milliard dollara, arassa peýdasyny 9 göterim ýokarlandyryp, 22,8 milliard dollara ýetiripdir. 2024-nji ýylyň ahyrynda 8,02 dollar bolan paýnamalary bolsa, 8,88 dollara çykypdyr.

Kompýuter tehnologiýasyny öndürmekde öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan IBM-iň girdejisi 12 göterim ösüp, 19,7 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Kompaniýanyň arassa peýdasy 91 göterim artyp, 5,6 milliard dollar bolupdyr.

Hangeldi Piriýew,

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Dohada Web Summit Qatar açyldy
Kompýuter 40 ýaşady
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter