Superkompýuterde Hytaý öňde

Aşa ýokary tizlikli kompýuterleri öndürmekde we peýdalanmakda Hytaýyň öňdeligi eýeleýändigi habar berildi.Golaýda ýaýradylan dünýäniň iň gowy superkompýuterleriniň sanawynda Hytaýyň 202 kompýuteri sanawa goşuldy.Täze ýaýradylan sanawda ABŞ-nyň 144 enjamynyň bardygy bellenilýär.

Tutuş binany öz içine alýan we müňlerçe mikroprosessordan emele gelen bu enjamlar ylym-bilim ulgamynda, howanyň ýagdaýyny çaklamakda, uçarlaryň taslamalaryny taýýarlamakda peýdalanylýar.Her ýylda iki gezek ýaýradylýan sanaw Berklidäki Lourens adyndaky milli laboratoriýasy hem-de Tennessi uniwersiteti tarapyndan taýýarlanýar.

Kompýuterlere baha berlende matematik amallary hasaplaýyş tizligi göz öňünde tutulýar.Sanawyň başyny iki ýyldan bäri Hytaýdaky iki kompýuter eýeleýär.Emma ýakyn geljekde IBM tarapyndan öndüriljek “Summit” kompýuteriniň birinji basgançaga çykmagynyň mümkindigi bellenilýär.

Ol enjam 930 müň inedördül meýdany öz içine alýar we ony işletmek hem-de sowatmak üçin 20 megawatt elektrik ulgamyna zerurlyk duýulýar.Bu mukdardaky elektrik energiýasy 16 müň 300 hojalygy tok bilen üpjün edip biler.

Ýene degişli makalalar

Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri
Netflix baş keşpde Leonardo Di Kaprio bilen “Ýokaryk seretmäň” filmini çykardy
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji ornuny saklap galdy
Forbes: Mask dünýäniň iň baý adamy
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler
Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda birinji orny eýeledi
Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar