Forbes: Mask dünýäniň iň baý adamy

Forbes: Mask dünýäniň iň baý adamy

Amerikaly işewür Ilon Mask dünýäniň iň baý adamy diýlip yglan edildi, Forbes žurnaly nobatdaky gezek $ miliarderleriniň sanawyny çap etdi. Onda Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň eýesi ilkinji gezek sanawyň başyny çekdi diýip, MIR24 habar berýär.

Bir ýylyň içinde Maskyň emlägi 70 milliard $ artyp, 219 milliarda ýetdi.Ol tiz baýady, mundan iki ýyl öň 31-nji orundady, indi ol bu sanawda ilki duran Jeff Bezosyň ornuny eýeleýär.

Amazon internet-kompaniýasynyň eýesi Bezos bir ýylda 7 milliardyny ýitirdi.Ol ikinji orna süýşdi, üçünji orunda Louis Vuitton modalar öýüniň eýesi Bernar Arno, dördünji orunda Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts ýerleşdi.

Milliarder Ilon Mask adamzadyň geljegini Mars planetasyny oturymlylaşdyrmakda görýär. Ol bu planetada şäherler gurlup, göçülip barylsa, adamzat ýitip ýok bolmak howpundan halas bolar diýip, çykyşlarynda nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Forbes: dünýäniň baý adamlarynyň emlägi azaldy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp