"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy

"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy

“LVMH Moët Hennessy” kompaniýasynyň Baş direktory Bernar Žan Eten Arno dünýäniň iň baý adamy boldy. Şu ýylyň aprel aýynda onuň baýlygy 200 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Bu barada “Bloomberg Billionaire's Index” sişenbe güni habar berdi.

74 ýaşly işewür taryhda baýlygy 200 milliard ABŞ dollaryndan geçen üçünji adam boldy. Ozal Elon Mask we Jeff Bezos bu sepgitlere ýetipdi, emma tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň bahasynyň düşmegi sebäpli olaryň girdejisi azaldy.

Habarda bellenilişi ýaly, Arnonyň baýlygy 2,4 milliard ABŞ dollary artyp, 201 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. 2023-nji ýylyň başynda gymmat bahaly harytlara islegiň artmagy sebäpli kompaniýanyň paýnamalary 30 göterim ýokarlanyp, onuň baýlygy 39 milliard ABŞ dollary artdy.

Taryhda ilkinji gezek dünýäniň iň baý erkek adamy we zenan maşgalasy fransuz milliarderleri boldy. “Forbes” üçünji ýyl yzygiderli dünýäniň iň baý zenany diýip “L'Oreal” kosmetika öndürýän kompaniýanyň mirasdüşeri Fransuaza Bettankur Maýersi atlandyrdy.

“Louis Vuitton” 75 sany brendi dolandyrýan 60-a golaý golçur kompaniýasyna gözegçilik edýär. Olaryň arasynda “Tiffany & Co”, “Christian Dior”, “Fendi”, “Givenchy”, “Marc Jacobs”, “Stella McCartney”, “Loewe”, “Loro Piana”, “Kenzo”, “Celine”, “Sephora”, “Princess Yachts”, “TAG Heuer” we “Bulgari” ýaly brendler bardyr.

Ýene degişli makalalar

Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
Dünýäniň iň baý adamlary ýylyň başyndan bäri 115 milliard dollar ýitgi çekdiler
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
Dünýäniň üçünji baý adamy yglan edildi