Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi

Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi

Amazon onlaýn-riteýleriniň esaslandyryjysy we öňki eýesi Jeff Bezos LVMH (LVMH Moet Hennessy — Louis Vuitton) fransuz kaşaňlyklaryny öndüriji kompaniýasynyň eýesi Bernar Arnodan dünýäniň iň baý adamlarynyň täze sanawynda öňe geçip, ikinji orny eýeledi.

Bloomberg Billionaires Index (BBI) bahalandyryş kompaniýasynyň hasabatyna görä, Amazon kompaniýasynyň öňki eýesiniň emlägi 2023-nji ýylyň başynda 49,3 milliard dollar artyp, 156 milliarda ýetdi. Arno 6,95 mlrd dollaryny elden giderip, 155 mlrd dollarlyk emlägiň eýesi boldy.

Bloomberg neşiri LVMH kompaniýasynyň eýesiniň baýlygynyň kemelmegini kaşaňlyk predmetleriniň satuwynyň hümmetsizlenme sebäpli, pese gaçmagy bilen baglanyşdyrýar, esasan hem, şu ýylda amerikaly müşderiler tarapyndan kompaniýanyň önümlerine isleg azaldy.

Sanawda ilkinji orny öňküsi ýaly amerikaly işewür Ilon Mask eýeleýär, bu ýyl onuň emlägi 96,8 mrd dollar artdy, muňa Tesla kompaniýasynyň paýnamalarynyň 106 göterim gymmatlamagy sebäp boldy. Netijede, Maskyň baýlygy 234 mlrd dollara ýetdi.

Sanawda ilkinji bäşlige Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts (125 mlrd dollar) we Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Larri Peýj (124 mlrd dollar) girdi.

Ýene degişli makalalar

Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynyň başyny çekdi
Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
"Louis Vuitton" brendiniň eýesi ýene-de dünýäniň iň baý adamy
Mask dünýäniň iň baý adamlaryň sanawyndaky ornuny gaýdyp aldy