“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy

“Bloomberg” agentligi iň iri işewürleriň maliýe hal-ýagdaýlary baradaky maglumatlary hödürleýän “Millionerleriň indeksini” neşir etdi.

Sanawda birinji orun 2023-nji ýylyň başyndan bäri öz sermaýasyny 85,8 milliard dollar artdyran Ilon Maska degişlidir. Sanawyň ikinji ornuny Jeff Bezos eýeläp, onuň maliýe serişdeleri ýylyň başyndan bäri 63,2 milliard dollar artypdyr. Umuman, ilkinji 10-lyk şulardan ybarat:

Ilon Mask hususy sermaýasy 222 milliard dollar, Jeff Bezos – 171 milliard dollar, Bernar Arno – 168 milliard dollar, Bil Geýts – 135 milliard dollar, Larri Ellison – 131 milliard dollar, Stiw Balmer – 129 milliard dollar, Uorren Baffet – 120 milliard dollar, Larri Peýj – 120 milliard dollar, Mark Sukerberg – 118 milliard dollar, Sergeý Brin – 114 milliard dollar.

Ýene degişli makalalar

Üç ýyl bäri yzygiderli baý
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Hytaý, TikTokyň ABŞ-daky ähli hukuklaryny we ygtyýaryny Elon Maska satmak isleýär
X-Ulanyjylar | Biz Ymam Hüseýiniň milleti we olar Epsteiniň milleti
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Dünýäniň iň baý on adamsy bir günde 37 milliard dollar ýitirdi