Forbes: Ilon Mask iň baý amerikalylaryň sanawynda birinji

Forbes: Ilon Mask iň baý amerikalylaryň sanawynda birinji

Tesla Inc.-iň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Ilon Mask Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça 400 sany baý amerikalylaryň sanawynda birinji setire geçdi.

Maskyň baýlygy bir ýylyň içinde 60 mlrd dollardanam artdy we 251 mlrd dollara ýetdi.Ikinji ýeri özüniň 151 mlrd dollary bilen sanawyň geçen ýylky öňbaşçysy, Amazon.com Inc.

onlaýn-riteýleriniň ýolbaşçysy Jeff Bezos eýeledi, üçünji ýerde bolsa 106 mlrd dollar baýlygy bilen Bill Geýts durýar.Oracle-yň ýolbaşçysy Larri Ellison dördünji ýeri (101 mlrd dollar), maýa goýumçy Uorren Baffet bäşinji ýeri (97 mlrd dollar) eýelediler. Şeýle-de, iň baý amerikalylaryň onlugyna Google-yň esaslandyryjylary Larri Peýj (93 mlrd dollar) we Sergeý Brin (89 mlrd dollar), Microsoftyň öňki baş direktory Stiw Ballmer (83 mlrd dollar), Nýu-Ýorkuň öňki häkimi Maýkl Blumberg (76,8 mlrd dollar) we Walmart riteýleriniň ýolbaşçysy Jim Uolton (57,9 mlrd dollar) dagy girdiler.

Ýene degişli makalalar

Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy boldy
Teýlor Swift ilkinji gezek milliarderleriň sanawyna girdi
Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
“Twitter” nyşanyny “X” diýip üýtgetdi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi